medeni-pa-tagt-bursa-2022-nji-ylda-turki-dun-sinde-sy-ahatcylygy-merkezi-bol

Medeni paýtagt Bursa" 2022-nji ýylda türki dünýäsinde syýahatçylygyň merkezi bolar

TURKSOÝ tarapyndan 2022-nji ýyl Türki dünýäsiniñ medeni paýtagty yglan edilen Bursa, 2022-nji ýylda köp sanly çärelere we dabaralara ýer eýeçiligi eder.

23 Aralık 2021 13:28

Türkiýe syýahat agentlikleri birleşiginiň (TÜRSAB) Günorta Marmara sebitleýin wekilçilikli geňeşiniň başlygy Murat Saraçogly, Anadolu gullugyna beren interwýusynda Bursa şäheriniñ çuňňur taryhy, baý medeniýeti, owadan tebigaty we köp ugurly syýahatçylygy bilen medeni paýtagt hökmünde saýlanandygyny aýtdy.

Bu nukdaýnazardan 2022-nji ýylyñ Bursa şäheri üçin iññän möhim bir ýýl boljakdygyny belläp geçen Saraçogly öñümizdäki ýýl Bursa şäherinde IV Dünýä Çarwa oýunlary, II Gorkut Ata Türki Dünýäsi kinofestiwal we V Türki Dünýäsi Milli Sportlar festiwalynyñ gurnaljakdygyny  habar berdi. Saraçogly, 2022-nji ýylyñ Türki dünýäsiniñ medeni paýtagty yglan edilen Bursa şäherine Türki dilli döwletlerden  köp sanda syýahatçynyñ gelmegini üpjün etjekdiklerini aýtdy.

Dabara we çäreleriñ diñe Bursa şäher merkezinde däl-de eýsem etraplarynda hem gurnaljakdygyny belläp geçen Saraçogly şäheriñ milli gymmatlyklarynyñ, taryhy we turiztiki ýerleriniñ myhmanlara tanadyljakdygyny nygtap şäherde ylym, edebiýat, sungat, gastronomiýa, ylmy-maslahatlar konsertler we sergiler ýaly köp sanly medeni we sungat çäreleriniñ gurnaljakdygyny habar berdi.

Habarlar