medreseleri-s-heri-bolan-buhara-ruhy-howasy-bilen-adamlary-ozune-bendi-ed-r

Medreseleriň şäheri" bolan Buhara, ruhy howasy bilen adamlary özüne bendi edýär

Özbegistanyñ “Medreseleriñ şäheri” bolan Buhara, köp asyrlar gorap saklaýan taryhy we medeni gymmatlygy we binagärligi bilen şähere gezmäge gelen adamlary özüne bendi edýär.

02 Nisan 2022 10:03

Türk-Yslam binagärligi bilen ünsi özüne çekýän Buhara şäheriñ ýol we köçelerinde taryhyñ çuññur yzlaryny daşaýan köp sanda eserler orun alýar.

Şäherdäki medreseler Buharanyñ köp asyrlar gorap saklaýan taryhy we medeni gurluşygyna özboluşly gözellik berýär.

Dünýäde “ Kubbet-ül Yslam” adyna eýe bolan 3 şäherden biri bolan Buhara, Ymam Buhari we Ibn-i Sinanyñ dünýä inip ýetişen ýeri bolmagy bilen syýahatçylary özüne çekýär.

Buharanyñ iñ esasy aýraynlygy Yslam dünýäsiniñ bilim merkezlerinden biri bolmagy. Bu sebäpdenem “ Kubbet-ül Yslam” ady bilen meşhurdyr.

Buharada XX asryñ başlaryna çenli 400-e golaý medrese bardy. Adamlar şol döwürlerde  bu şähere “ medreseleriñ şäheri” ýada “ talabalar şäheri” diýýardiler.

Habarlar