merkezi-azi-a-urtlarynda-sebitle-in-elektrik-togy-kesilmegi-bas-ber-r

Merkezi Aziýa ýurtlarynda sebitleýin elektrik togy kesilmegi baş berýär

Özbegistan, Gazagystan we Gyrgyzystanda sebitleýin elektrik togunyñ kesilmegi baş berýär.

25 Ocak 2022 13:58

Özbegistanyñ energetika ministrligi tarapyndan berilen beýannamada, Gazagystanda ertiriñ ir sagatlarynda Almaty, Çimkent, Taraz, Türkistan welaýatlarynda we daş töweregindäki sebitlerde elektrik togunyñ kesilmegi sebäpli Özbegistanyñ hem elektrik togy liniýalarynda üznükliligiñ baş berendigi mälim edildi.

Beýannamada: “Gazagystanda elektrik togy liniýasynyñ üzülmegi sebäpli Gazagystandan gelýän elektrik togy liniýasyndaky güýjiñ üýtgemegi sebäpli Daşkent we Syrderýa elektrik togy stansiýalaryndaky howpsuzlyk ulgamynyñ awtomatiki işjeñleşmegi sebäpli bilen stansiýalaryñ elektrik togy üpjünçiligi togtady. Munyñ netijesinde Daşkent, Fergana, Andyžan, Namangan, syrderýa, Jizzah, Samarkand, Nowaýy we Kaşkarderýa sebitlerinde elektrik togy kesildi.”-diýildi.

Özbegistanda elektrik togunyñ kesilmegi sebäpli paýtagt Daşkentde metro gatnawlary togtady.

Gyrgyzystanyñ hem käbir sebitlerinde elektrik togy kesildi. Gyrgyzystan döwlet elektrik togy paýlaýyş firmasy tarapyndan berilen beýanamada elektrik togunyñ berilmegi üçin tagalla edilýändigi bellendi.

Gazagystan elektrik togy firmasy KEGOC tarapyndan berilen beýannamada bolsa sebitdäki köpçülikleýin elektrik togunyň kesilmeginiň ýurtlaryň arasynda paýlaýyş ulgamyna aşa köp ýüklenmegi sebäpli ýüze çykandygy mälim edildi.

Habarlar