merkezi-azi-adaky-hazyna-ozbegistan

Merkezi Aziýadaky hazyna: Özbegistan

Merkezi Aziýada gadymy taryhy, deñi-taýy bolmaýan tebigaty, baý aşhanasy we myhmansöýer adamlary bilen Özbegistan özüne haýran edýär.

09 Ekim 2021 22:24

Soňky ýyllarda durmuşa geçirilýän ykdysady reformalar we özgertmeler bilen Merkezi Aziýanyň parlak ýyldyzy bolmagy maksat edinýän Özbegistan, takmynan 35 million ilaty bilen sebitdiñ iň köp ilatly ýurdy.

Merkezi Aziýada gurlan Timuridler, Harzemşalar, Şaýbani, Mogal döwletleri we XIX asyrda Rus imperiýasy tarapyndan agdarylan Buhara emirligi, Kokand we Hywa hanlyklaryna ýer eýeçiligi eden Özbegistan, Sowýet Soýuzyñ dargamagy bilen 1991-nji ýylyñ 31-nji awgustynda garaşsyzlygyny yglan etdi.

Geçmişiñ yzlaryny özünde jemleýän köp sanda taryhy ýadygärliklere ýer eýeçiligi edýän Özbegistan soňky ýyllarda syýahatçylyk pudagyna berýän ähmiýeti bilen ünsi özüne çekýär. Dünýäniñ çar künjeginden ýurda gezmäge gelen syýahatçylaryñ sany her geçen ýyl köpelýär we Özbegistan taryhy we medeniýetini daşary ýurtly syýahatçylara tanatmak üçin uly tagalla edýär.

Özbegistan, Türk we Yslam arhitekturasynyň seýrek eserlerine ýer eýeçiligi edýär

“Merkezi Aziýanyñ merjeni” diýip tanalýan Özbegistan, gadymy Ýüpek Ýolunyñ ugrunda orun alýar. Asyrlardan bäri kerwenleriñ geçýän ýoluñ ugrunda orun alýan Özbegistanda medreseler, toplumlar, kerwensaraýlar, metjidler we Yslam alymlarynyñ kümmetleri orun alýar.

Türk we Yslam arhitekturasynyñ iñ seýrek eserlerine ýer eýeçiligini edýän ýurt, soñky ýyllarda ynanç syýahatçylygynyñ täze merkezlerinden birine öwrüldi. Ymam Buhari we Ymam Matrudi ýaly köp sanda Yslam alymlarynyñ kümmeti bu ýurda syýahat etmäge gelen adamlar üçin uly ähmiýete eýe.

Ýurduñ döwrebap ýüzüniñ nyşanasy bolan paýtagt Daşkentde, belent binalar, restoranlar we kafelerden başga-da, tapawutly döwürleri görkezýän taryhy binalara-da duş gelmek bolýar.

Habarlar