merkezi-azi-any-i-be-ik-binasyna-uly-gyzyklanma-gorkezil-r

Merkezi Aziýanyň iň beýik binasyna uly gyzyklanma görkezilýär

Merkezi Aziýanyň iň beýik binasy hökmünde tanalýan Daşkent teleýaýlym diňi, üýtgeşik binagärligi we tomaşa eýwany bilen şäherde iň köp gezmäge gelinýän ýerleriniň başynda orun alýar.

10 Nisan 2021 14:43

Gurluşugyna 1978-nji ýylda başlanyp 6 ýylda tamamlanan 375 metr beýiklikde orun alýan Daşkent teleýaýlym diñi, radio we telewideniýe ýaýlymlary bilen bir hatarda tomaşa eýwany we aýlanýan restorany bilen 33 ýyldan bäri raýatlaryñ gezelenç etmäge gelýän ýeriniñ başynda orun alýar.

Dünýäniñ iñ beýik diñleri arasynda 12-nji hatarda orun alýan Daşkent teleýaýlym diñi, paýtagtyñ edil merkezinde we iñ beýik nokadynda orun alýar. Her gün ýüzlerçe adamyñ gelýän bu diñe esasanam Daşkent şäheriniñ keşbini surada çekmek üçin  suratkeşleriñ iñ köp saýlaýan ýeri.

Diñiñ  girelgesinde açylan muzeýde dünýäniň iň beýik teleýaýlym diňleriniň kiçi modelleri we olar hakda maglumatlar bar. Diñiñ girelgesinde iki sany uly keramiki panelde ilkinji rus kosmonawt Ýuriý Gagarin we tanymal özbek suratkeşleri tarapyndan çekilen suratlar orun alýar.

Daşkentiñ nyşanasyna öwrülen we şäheriñ her tarapyndan görülýän diñde aýlanýan restoran hem orun alýar.  Diñiñ 98-104 metr aralygynda ýerleşýän gök we gyzyl zallardan ybarat bolan restoran bir wagtyň özünde 120 adama hyzmat edip bilýär. Bu restoranda toý-dabaralar hem gurnalýar.

93 metrlik üç aýakly demir polatdan gurlan bu diň, biri-birine baglanan esasy korpusdan, 3 sany goldaw aýak we metal gurluşukdan ybaratdyr.

Umumy agramy 6 müñ tonna bolan diñiñ 220-nji metrinde meteorologiýa gullugy orun alýar. Diñde 4,8 metr tizlik bilen hereket edýän 3 sany lift bar.

Diñiñ çur depesindäki Özbegistan baýdagy alpinistler tarapyndan her 2 ýylda bir gezek çalşylýar.

Habarlar