merkezi-azi-any-i-uly-metjidi-turkmenbasy-ruhy-metjidi

Merkezi Aziýanyñ iñ uly metjidi: Türkmenbaşy Ruhy Metjidi

Türkmenbaşy Ruhy Metjidi, Türkmenistanyñ esasy metjidi we dünýäniñ iñ uly gümmezli metjididir.

01 Ekim 2021 21:48

Aşgabat şäherine takmynan 10 kilometr uzaklykda ýerleşýän Gypjak obasynda gurlan metjid, 2004-nji ýylda ybadata açyldy. 36 gektar meýdanda gurlan metjitde bir wagtyň özünde 10 000 adam namaz okap bilýär.

Metjidiň esasy girelgesinden başga-da suw çüwdürimleri bolan 7 sany girelgesi bar.

"Gypjak metjidi" ady bilen hem tanalýan metjidiñ 91 metr beýikligindäki minaralary 1991-nji ýylda Türkmenistanyñ Garaşsyzlygyny yglan eden ýylyny alamatlandyrýar.

Minara we gümmezleriň depeleri gün şöhlesi bilen reňkini üýtgedip bilýän material bilen örtülen.

Metjidiň merkezi gümmezini inedördül meýilnamada ornaşdyrylan 16 sütün göterýär. Metjidiň diwarlary ak mermer bilen örtülen.

Binada gaty güýçli howa çalşygy we poly ýylatmak ulgamy bar. Metjidiñ ýeri 215 inedördül metrlik ullakan haly bilen örtülendir.

Metjidiň binasynyň aşagynda 100 awtobus we 400 awtoulag üçin duralga bar.

Umumy meýdany 36 gektaryñ 25 gektarlyk bölüminde Köpetdanyň eteklerinden getirilen ýörite güller, Italiýa we Ispaniýadan satyn alnan bezeg gülleri, arça agaçlary we dürli agaçlar ýetişýär.

Gypjak obasynyň demirgazygyndan başlaýan Garagum çölüne garamazdan, metjidiň töwereginde suw çüwdürimleri we howuzlar bar.

Habarlar