merkezi-azi-any-i-uly-senagat-we-medeni-merkezi-daskent

Merkezi Aziýanyň iň uly senagat we medeni merkezi: Daşkent

Ýurduň döwrebap keşbiniñ nyşanasy bolan Özbegistanyň paýtagty Daşkentde gymmatly taryhy ýadygärlikler hem orun alýar.

03 Haziran 2022 14:20

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent bir wagtyñ özünde Daşkent welaýatynyň hem merkezidir. Şäher Merkezi Aziýanyň iň uly senagat we medeni merkezlerinden biridir.

Daşkent, Özbegistanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Seýhun derýanyň sag goşundylaryndan biri bolan Çirçik derýasynyň howuzynda orun alýar Şäheriň ýerleşýän sebitiniň iň gadymy ady taryhy çeşmelerde “Çaç” diýip geçýär.

Tutýan meýdany 334,8 inedördül kilometre barabar bolan şäherde takmynan 3 million adam ýaşaýar. Merkezi Aziýanyň iň uly paýtagty bolan Daşkent, giň we arassa köçelere we uly meýdançalara eýe. Şäheriň 30 göteriminden gowragy bolsa bagy-bossanlyk.

Ýurduň döwrebap keşbiniñ nyşanasy bolan Daşkende beýik binalar, restoranlar we kafeleriñ bolmagy  bilen bir hatarda tapawutly döwürlerde gurlan taryhy binalara hem duş gelmek bolýar. Mysal hökmünde, Barak Han medrese, Tilla Şeýh metjidi we Hezreti Ymam metjidini sanap bolar.

Merkezi Aziýanyň iň beýik binasy hökmünde kabul edilýän Daşkent teleýaýlym diňi, özboluşly arhitekturasy we şäheri synlamaga mümkinçilik berýän eýwany bilen adamlaryñ iň köp gelim-gidimli ýerlerinden biridir.

Daşkentiñ şäher merkezinde orun alýan Garaşsyzlyk meýdany bolsa hökman görülmeli ýerleriñ sanawynda orun alýar.

1977-nji ýylda işe girizilen paýtagtyň owadan metrosy hem bu şähere baryp görmek üçin ýeterlik sebäpdir.

Habarlar