merkezi-azi-any-ilkinji-kummeti-ysma-yl-samani-kummeti

Merkezi Aziýanyñ ilkinji kümmeti: Ysmaýyl Samaniñ Kümmeti

Ysmaýyl Samaniñ kümmeti, Özbegistanyñ Buhara sebitiniñ iñ esasy taryhy ýadygärlikleriniñ biridir.

31 Aralık 2021 19:06

Merkezi Aziýanyñ ilkinji kümmeti diýip kabul edilýän Buhara şäherindäki Ysmaýyl Samaniñ kümmeti mongollaryñ çozuş edýän döwürde çölde baş beren tüweleýde çägä gömüldi. Bu saýada mongollaryñ çozuşlaryndan zeper görmän zamanamyza gelip ýetdi.

Ysmaýyl Samaniñ Kümmeti ÝUNESKO-nyñ Bütündünýä Miras sanawynda orun alýan Buhara şäheriñ demirgazyk günbatarynda orun alýar. Ysmaýyl Samani üçin IX we X asyrda gurdurylan kümmetde Ysmaýyl Samaniñ kakasy Ahmed Bin Asadyñ hem mazary orun alýar.

Merkezi Aziýada gurlan ilkinji kümmet bolma aýratynlygyna eýe bolan Ysmaýyl Samaniñ kümmeti, Yslam binagärliginiñ döwülmän galan iñ gadymy ýadygärliklerinden biri hökmünde bellige alyndy. Kümmetiñ gurluşygynda diñe bişen kerpiç ulanylypdyr.

Habarlar