merkezi-azi-any-parlayan-yldyzy-turkmenistan

Merkezi Aziýanyñ parlayan ýyldyzy: Türkmenistan

Beýik ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistan baý energiýa çeşmeleri bilen ünsi özüne çekýär. Aziýanyň transport çatrygynda ýerleşýän bu ýurtda 10 ýurduň döwlet baştutanlarynyñ gatnaşmagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti geçiriler.

27 Kasım 2021 14:03

1991-nji ýylda garaşsyzlygyny yglan eden Türkmenistan, iri nebit we tebigy gaz ýataklary bilen ähmiýetini  günsaýyn artdyrýan döwlet.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow köptaraply tebigy gaz geçiriji ulgamynyň energiýa syýasatynyň ugrydygyny nygtaýar. Bu çӓkde Bu Azerbaýjan bilen Türkmenistan taryhy şertnama gol çekdi. Şeýlelikde, “Günorta gaz koridory” we Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit geçiriji ulgamlary türkmen tebigy gazyny halkara bazarlaryna daşamaga mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň gündogaryndaky "Malaý" ýatagyndaky tebigy gaz, Özbegistan we Gazagystandaky nebit geçiriji ulgamlary arkaly Hytaýa baryp ýetýär.

Türkmenistan, Owganystan, Päkistan, Hindistan tebigy gaz turba geçirijisiniň gurluşygy bolsa dowam edýär. Bu liniýanyň gurluşygynda türk kompaniýalary möhüm rol oýnaýarlar.

Türkmenistan elektrik energiýasy eksporty bilen hem ünsi özüne çekýär. Eýran, Owganystan we Özbegistan elektrik energiýasynyň bir bölegini Türkmenistandan alýar. Ýurtda elektrik energiýasyny öndürmek kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin maýa goýumlary goýulýar.

Türkmenistan ösýän ykdysadyýeti bilen dünýä maýadarlarynyň ünsüni özüne çekýär. Şu ýylyň ilkinji 10 aýynda jemi içerki önüm 6,2 göterim ösdi. Türkmenistanda önümçilik mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,5 göterim ýokarlandy.

Habarlar