merkezi-azi-any-ruhy-kalby-buhara-s-heri

Merkezi Aziýanyň ruhy kalby: Buhara şäheri

Özbegistanyň asyrlar boýy gorap saklan taryhy we medeni gurluşugy bilen iň gadymy şäherlerinden biri bolan Buhara, eýe bolan ruhy atmosferasy bilen gelýänleri gurşap alýar.

04 Ağustos 2021 01:58

Taryhda ýetişdiren dünýä belli alymlary, intellektuallary, sungatşynaslary  we olaryñ miras galdyran eserleri bilen tanalýan,  türk-yslam arhitekturasynyň dünýäde iň ýokary derejesine ýeten şäherlerinden biri bolan Buhara, myhmanlaryny ruhy taýdan hem gurşap alýar.

Zerefşan derýasynyň boýunda ýerleşýän Buhara, çuňňur taryhy we ruhy atmosferasy bilen gelýänleri özüne bendi edýär. Geçmişiň yzlaryny göterýän şäheriň köçelerinde ýöräp barýarkañ her burçda yslam taryhynyň we medeniýetiniň gymmatly eserine duşmak bolýar.

Özbegistanyñ beýleki şäherlerinde bolşy ýaly Buharada hem   türk-yslam binagärliginiň iň naýbaşy nusgalaryny görüp boljak metjitler, beýik minaralar, gök reñkiñ dürli görnüşi bilen çaýylan kerwensaraýlar orun alýar. Şäherde köp asyrlardan bäri din adamlaryny ýetişdirýän medreseler zamanamyzda hem bu wezipesini ýerine ýetirmäge dowam edýär.

Kerwenleriň asyrlar boýy geçýän möhüm söwda ýollarynyň mekany bolan Buhara, bu aýratynlygy bilen tapawutly dinlere degişli jemgyýetleriň ýollarynyň kesişýän iň gadymy şäherlerinden biri bolupdyr.

Tapawutly döwürlerde Zaratuştraçylary, Buddistleri, Hristianlary, Ýewreýleri we Musulmanlary kabul eden şäheriň taryhy geçmişiniň 2500 ýyl ozal başlandygy, ýöne bu ýerdäki ilkinji ilatly ýaşaýyş ýerleriniñ has irki döwürlerde başlandygy kabul edilýär.

Habarlar