mete-gazoz-olimpi-a-cempiony-boldy

Mete Gazoz Olimpiýa çempiony boldy

2020 Tokio Olimpiýa oýunlarynda Türkiýäniñ milli ýaý atyjy türgeni Mete Gazoz final tapgyrda Italýan bäsdeşi Mauro Nespolini ýeňip, Olimpiýa çempiony boldy. Şeýlelik bilen Türkiýe Tokioda ilkinji altyn medalyny aldy.

04 Ağustos 2021 03:36

Türkiýäniñ milli ýaý atyjy türgeni Mete Gazoz gazanan uly ýenşi bilen Türkiýäni buýsandyrdy. Ýaý atmakda çempion bolan milli türgen Tokio 2020 Olimpiýa oýunlarynda  Türkiýäniñ ilkinji altyn medalyny gazandy.

Milli türgen Mete Gazoz 29-njy iýulda geçirilen birinji tapgyrda Lýuksemburgly Jeff Henkelsden we ikinji tapgyr oýnunda Awstraliýaly Raýan Taýky ýeñdi.

22 ýaşlly Mete Gazoz Awstraliýaly Teýlor Worty  ýeñip çärýek finala soñ bolsa ABŞ-ly Bredi Ellisony ýeñip ýarym finala çykdy.

Milli türgen Mete Gazoz final tapgyrda Italýan bäsdeşi Mauro Nespolini ýeňip altyn medala mynasyp boldy.

Habarlar