millet-kitaphanasyna-2-yly-dowamynda-1-milliondan-asa-adam-geldi

Millet Kitaphanasyna 2 ýylyñ dowamynda 1 mıllıondan aşa adam geldi

Prezident Rejep Taýyp Erdoganyñ gatnaşmagynda iki ýyl ozal dabaraly ýagdaýda açylan Prezident Köşkündäki Millet kitaphanasyna 1 milion 39 müñ adam geldi.

17 Ocak 2022 13:59

Türkiýe Respublikasynyñ prezidenti  Rejep Taýyp Erdoganyñ gatnaşmagynda 2020-nji ýýlyñ 20-nji fewralynda dabaraly ýagdaýda açylan Prezident Köşkündäki Millet kitaphanasynda 140 sany tapwutly dilde, 4 million 100 müñ kitap we 200 milliondan aşa sanly görnüşde kitap bar.

Millet kitaphanasy, Prezident Köşgi döwlet arhiwiniň 30 milliondan gowrak sanly resminamalaryna we Türkiýe golýazmalar institutynyň 100 müňden gowrak eseriniň sanly mazmunyny okamaga ygtyýar berýär.

Hepdäniñ 7 güni açyk bolan Millet kitaphanasyna 2020-nji ýylda 315 müñ 710 adam geldi.

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyñ 15-nji Mart-31-nji Maý aralygynda ýapyk bolan kitaphana, 2020-nji ýylyñ 1-nji iýunyndan 09:00-18:00 sagat aralygynda  müñ adam çäklendirmesi bilen açyldy.

Yurtda koronawirus sanjymy bolan adamlaryñ sanynynyñ köpelmegi, bilim ministrligine bagly mektep we ýokary okuw jaýlarynyñ açylmagy bilen Millet Kitaphanasynyñ iş sagady hem üýgedildi. Hepdäniñ ýedi güni 24 sagat açyk bolan kitaphana ilki 1500 adam soñ bolsa 2500 adamy bir wagtda kabul edip başlandy.

2021-nji ýylda kitaphana 673 müñ 121 adam geldi. 2021-nji ýylda kitaphana 1548 sany başlangyç mekdepde okaýan okuwçylar, 8216 sany orta mekdepde  okaýan okuwçy, 243206 sany liseý okuwçysy, 375239 ýokary okuw jaýynyñ talyby, 27342 sany magistratura talyby we 17570 sany doktorant geldi.

Türkiýe Respublikasynyñ raýatlarynyñ täze şahsyýetnamalary bilen daşary ýurtlylaryñ bolsa pasportlary bilen girip bilýän kitaphana, täze şahsyýetnamalary bolmaýanlar bolsa e-devletden aljaklary QR kody bilen girip bilerler.

Millet Kitaphanasynyñ ulaglary bilen gelýän myhmanlar üçin 2400 orunlyk ýapyk awtoulag duralgasy bar.

Kitaphanada 2021-nji ýylyñ oktýabr aýyndan bäri 12:00-14:00, 18:00-20:00 sagatlary aralygynda mugt çorba we 00:00-08:00 sagatlary aralygynda bolsa mugt keks hödürlenýär.

32 ýurtdan myhmanlary kabul etdı

Millet Kitaphanasy, 2021-nji ýylda 32 döwletden premýer ministr, mejlisiñ başlygy, ministr we ilçileri kabul etdi.

Nasrettin Hoja Çaga Kitaphanasyna 2021-nji ýylda 34 sany çäre gurnaldy.

Kitaphanada  jemi 4 müñ 285 adamyñ gatnaşmagyna  44 maslahat geçirildi.

Kitaphanada geçirilen çäreler: “29-njy oktýabr we Milli Azatlyk Sergisi”, “100 eser bilen Yslam Bilimi Taryh Sergisi”, “ Sanly Surat Sergisi”, “ Ibrahim Ependi Müteferrika sergisi”, “ DKTR-de 100 eserde Yslam Bilimi Taryh Sergisi”,” Gazagystan ýoly Türk Bileleşigi Sergisi”, “ Gyrgyzystan Surat Sergisi”

Millet Kitaphanasy, Prezident Rejep Taýyp Erdoganyñ ýaşlar bilen duşuşdyrýan köp sanda çärelere ýer eýeçiligi etdi. Bu çäreler: “Ýunus Emre we Dünýäde Türk dili”, “Ahi Ewran we Ahilik däbi”, “Hoja Ahmet Ýesewi” we “ Döwlet senamyz”.

Bulardan başga-da kitaphanada kitaplaryñ tanyşdyrylyş çäreleri we göni ýaýlymda köp sanda gepleşikler geçirildi.

Habarlar