milli-krym-tatar-kesdesi-nesilden-nesle-gecip-gel-r

Milli Krym tatar keşdesi nesilden-nesle geçip gelýär

Krym tatar gelin-gyzlarynyñ matalaryň ýüzüne keşde çekmek sungaty köp asyrdan bäri nesilden-nesle dowam etdirilýär.

06 Mart 2021 12:33

Çeper halyçylyk we el bilen keşde çekmek sungaty, milli medeniýetiň özboluşly hem-de gymmatly baýlygy hökmünde asyrlardan bäri dowam etdirilýär.

Krym tatarlarynda gyzlar dokmaçylyga keşde sungatynyň çylşyrymlylyklaryny çagalyk ýaşda öwrenip başlaýarlar.

Ýaş gyzlar üçin toýdan öň bukjalarynda 200 metr matany dokamak we  matañ ýüzüne keşde çekmek däbi zamanamyzda hem dowam edýär.

Durmuşa çykjak ýaşa gelen  gyz bir erkek tarapyndan ak mata alsa şol  matanyñ  ýüzüne keşde çekip yzyna bermeli. Eger gyz matanyñ ýüzüne kiçi gül keşdesi çekse bu “hoşlaşyk” manysyny añladýar  eger gül-desse we dürli nagyşlar bilen matanyñ ýüzüne keşde çekse bu “ razyçylyk” manysyny añladýar.

Krym tatar gyzlarynyñ egin-eşinlerinde erkeklerinki bilen deñeşdirilende has köp nagyş orun alýar.

Keşde sungatynda ulanylýan mata, adatça  öýde dokalan ak ýa-da krem ​​zygyr matadyr bulardan başga-da ýüpek, atlas ýa-da mahmal matalar hem ulanylýar.

Habarlar