milli-o-un-a-terek-gunterek-o-ny

Milli oýun: Aýterek-günterek oýny

Aýterek-günterek, ýaş çagalaryň söýgüli oýunlaryndan biri.

24 Aralık 2021 18:55

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlary bar. Her bir däbiň özüne ýetik kadasy, şerti bolýar. Şaý-sepler, milli saz gurallar we milli oýunlar milli gymmatlyklar sanawynda orun alýar.

Çagalary berdaşly ýetişdirmek üçin, gyzlary bolsa akylly – başly edip terbiýelemek üçin türkmen halky öz kada-düzgünlerini şol oýunlara sünnäläp siňdiripdirler. Käbir oýunlar bar welin, ol oýunlar diňe körpeler üçin däl, hat-da uly ýaşly juwanlar üçin-de gyzykly güýmenje bolmagynda galýar. Şu ýerde türkmen halkynyň asyrlar bäri öz gyzygyny gaçyrmadyk käbir milli oýunlaryndan biri hem aýterek-günterek oýny.

Aýterek-Günterek: Oglan-gyzlaryň iki tarap bolup “kim bilmeşek” diýen ýaly sanawaçly oýnaýan oýunlary. Esli wagtlardan gaýdýandygyna garamazdan bu oýun häzirler hem öz gyzygyny ýitirmän gelýär. Esasanda bu oýunlar oba ýerlerinde giňden, ýaýbaň oýnalýar. Bu oýunlar çagalarda çalasynlygy, duýgurlygy we akyl kämilligini ösdürýär. Goý, şeýle oýunlar mydama oýnalyp dursun. Çagalaryň bolsa gülki sesleri elmydama ýañlansyn!

Habarlar