mugam-azerba-jan-halk-a-dym-sazyny-esasyny-duz-r

Mugam: Azerbaýjan halk aýdym-sazynyň esasyny düzýär

Mugam - dilden aýdylýan däplere esaslanýan saz nusgasynyñ bir görnüşi bolup, Azerbaýjan halk aýdym-sazynyň esasyny düzýär.

24 Haziran 2022 23:13

Mugam, "Makam" sözünden gelip çykýar. Azerbaýjan sazynyň ýedi esasy mugamy bar. Olar; “ Rast”, “ Şur”, “ Segah”, “ Şüşter”, “ Çahargah”, “ Baýaty-Şiraz” we “ Hümaýun”.

Mugamlar asyl tebigatyna we aýdym-saz görnüşüne görä biri-birinden saýlanýar.

Uzeýir Hajibaýow, “Azerbaýjan halk aýdym-sazynyň esaslary” atly kitabynda mugamlaryň diňleýjide döredýän duýgusy barasynda şeýle ýazýar:” Rast- diňleýjide batyrlyk we janlylyk duýgusy, “ Şur”-diñleýjide begenç, liriki ruh duýgusy, ” Şegah”- yşk duýgusy, “Şüşter”- çuňňur gussa, gynanç duýgusy, “ Çahargah”- tolgunma we hyjuw duýgusy,” Baýaty-Şiraz”- gussa, “Hümaýun”- çuňňur gynanç duýgusyny berýär.”

Azerbaýjanyň halk aýdym-saz gurallarynda ýekelikde aýdylýan mugamlara "instrumental mugamlar" diýilýär.

Azerbaýjan kompozitorlarynyň eserleri mugamlar bilen baglanyşykly.

Mugamyñ tapawutly görnüşleri bar. jaz-mugam, simfoniki rock mugam

Mugam, 2003-nji ýylda ÝUNESKO tarapyndan adamzadyñ maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Habarlar