nahcywany-sy-ahatcylyk-merkezi-asab-y-kehf-gowaklary

Nahçywanyñ syýahatçylyk merkezi Aşab-y Kehf gowaklary

Azerbaýjanyň Nahçywan Awtonom Respublikasyndaky “Aşab-y Kehf” dini-medeni toplumyna, ýylyň dowamynda Türkiýeden köp sanly syýahatçy gelýär.

03 Mart 2022 20:17

Türkiýe we Eýranyñ başda durmagynda köp sanly ýurtdan syýahatçynyñ gezmäge gelýän Julfa şäherindäki gowaklar, Nahçywanyñ iñ uly syýahatçylyk merkezlerinden biridir.

Şäheriñ merkezine ulag bilen bir sagatlyk uzaklykda orun alýan gowaklar, gaýalar bilen gurşalan bir kanýonyñ içinde orun alýar. Adamlar bu gowaklara demir basgançakly ýolda ýarym sagat ýörişden soñ ýetýärler.

Bu ýerik gelip doga eden myhmanlar soñ bolsa toplumyñ içindäki sowgatlyk zatlaryñ satylýan ýerleri aýlanýar we dynç alýarlar.  Meteorit daşy hem gowaklaryň ýerleşýän bölümde sergilenýär.

Türkiýe, Azerbaýjan we Nahçywan arasynda pasport bilen syýahat etme mümkinçiligi saýasynda Türkiýeden köp adam, maşgalalary we dostlary bilen ynanç syýahatçylygy taýdan möhüm bolan sebiti zyýarat edýär we doga-dileg edýärler.

Habarlar