nigdede-nowruz-ba-ramy-uludan-bellendi

Nigdede Nowruz baýramy uludan bellendi

Türki dilli döwletleriñ halkara medeniýet guramasy TURKSOÝ, Nigde şäher häkimligi we Nigde uniwersitetiñ bilelikde gurnamagynda Şehit Ömer Halisdemir Kongres we Medeniýet Merkeziñ howlusynda Nowruz Günine bagyşlanyp baýramçylyk çäresi guraldy.

23 Mart 2022 16:37

TURKSOÝ-yñ baş sekretary Düsen Kaseinow baýramçylyk çärede eden çykyşynda “ täze gün” manysyny añladýan nowruzyñ bereket, doganlyk, rysgal-döwlet we parahatçylygyñ nyşanasy bolandygyny aýtdy.

Düsen Kaseinow, gurama bolup Türki dünýäsiniñ umumy baýramy bolan Nowruzyñ däp-dessurlaryny ýaşatmak we gelejek nesillere ýetirmek üçin 30-a golaý döwletde 150-den aşa konsert gurandyklaryny belläp:”Nowruz baýramy gutlanýan Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan we Bosniýa-Gersogowinadan gelen tans toparlarymyz bilen nowruzyñ ähli reñklerini, umumy mirasymyzyñ ähli gymmatlyklaryny tanadýarys”-diýdi.

Nigde Ömer Halisdemir Uniwersitetiñ rektory Prof. Dr. Hasan Uslu eden çykyşynda” dünýäniñ köp ýerinde uly joşgun bilen bellenýän Nowruz Baýramymyzy şu ýyl TÜRKSOÝ bilen bilelikde belleýäris”-diýdi.

Nigde şäher häkimi Emrah Özdemir hem öz nobatynda gatnaşyjylaryñ hemmesini Nowruz baýramy bilen gutlady.

Düsen Kaseinowyñ eden nowruz dogasyndan soñ Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan we Bosniýa-Gersogowinadan gelen tans toparlarynyñ ýerine ýetiren tanslaryndan ybarat bolan konsert guraldy.

Habarlar