nizami-genjewi-doglan-gununi-880-nji-ylynda-bakuw-s-herinde-hormat-bilen-hatyr

Nizami Genjewi doglan gününiň 880-nji ýylynda Bakuw şäherinde hormat bilen hatyralandy

Dünýä belli türk şahyry we akyldary Nizami Genjewi doglan gününiň 880 ýyllygy mynasybetli Halkara Türk Medeniýeti we Miras Gaznasy tarapyndan Şirwanşahlar köşgünde gurnalan çärede hormat bilen hatyralandy.

11 Eylül 2021 17:33

Azerbaýjan Respublikasynyñ prezidenti Ilham Aliýewiñ karary bilen 2021-nji ýyl Azerbaýjanda "Nizami Genjewi ýyly" diýlip yglan edildi.

Halkara Türk Medeniýet we Miras Gaznasynyñ başlygy Günaý Efendiýewa hatyralama çärede eden çykyşynda:” Beýik Azerbaýjan şahyry we Türk dünýäsiniñ buýsanjy Nizami Genjewini doglan gününiñ 880-nji ýylynda hormat bilen hatyralaýarys. Genjewi, dünýäde 68 ýyl ýaşady ýöne onuñ galdyran mirasy 68 ýyla, 880 ýyla  hem sygyp bilmez. Genjewi  hem zamanamyzyñ hem-de bütin zamanalaryñ şahyry we şeyle-de bolup galar” diýdi.

Günaý Efendiýewa, prezident Ilham Aliýewiñ karary bilen 2021-nji ýylyñ Azerbaýjanda “ Nizawi Genjewi ýyly diýip yglan edilendigini we munyñ dün we şugünki gün bolşy ýaly Azerbaýjanda Nizami Genjewi we onuñ eserlerine goýulýan hormaty we gymmaty añladýandygyny aýtdy.

Efendiýewa, Nizami Genjewiñ diñe Azerbaýjan edebiýatynyñ ösmegine däl eýsem sungatyň beýleki pudaklarynyň açylmagynda hem möhüm rol oýnandygyny we tanymal Azerbaýjanly kompozitorlarynyñ hem  Nizaminiň eserlerine ýüz tutandygyny aýtdy.

Günaý Efendiýewa: “ taryh onuñ eserleriniñ ajaýyp gözelliginiñ diñe Genjäniñ däl, eýsem tutuş türk dünýäsiniň baýlygy  bolandygyny subut etdi. Nizami döwründe Azxerbaýjanda gurlan döwletlere Şirwanşahlar we Eldegizler ýaly Türk beglikleri höküm sürýärdi. Nizami Genjewi köp dil bilýärdi. Eserlerini bolsa pars dilinde ýazýardy.ýöne onun ruhy şygyr dili Türkçedi. Nizami türk dünýäsiniñ dana şahyry”-diýdi.

Azerbaýjanyñ medeniýet ministri Anar Kerimow hem eden çykyşynda çäräniñ gurnalmagyndan örän hoşan bolandygyny nygtap Halkara Türk Medeniýeti we Miras Gaznasynyñ  başlygy Günaý Efendiýewa sagbolsun aýtdy.

Kerimow, ömrüniň dowamynda Azerbaýjan Genje serhedinden çykmadyk Nizami Genjewiniň eserleriniň we pikirleriniň diňe Azerbaýjanda we Türk dünýäsinde däl, eýsem bütündünýäde ýaýramagy, görelde alynmagy, ýewropanyñ öňdebaryjy ýazyjy we şahyrlarynyň onun eserlerinden peýdalanmagynyň, ylham almagynyñ tötänlik däldigini we bularyň hemmesiniň Nizami Genjewiniň edebi beýikliginiñ nusgasy bolandygyny aýtdy.

Hatyralama çärede dirižor Azerbaýjanyň halk aýdymçysy Ýalçyn Adygözelowyñ bolan Gorkut Ata orkestry tarapyndan  Azerbaýjanyñ tanymal kompozitorlarynyñ Nizami Genjewiniñ şygyrlaryna ýazan eserleri ýerine ýetirildi.

Hatyralama çärä, Azerbaýjanyñ ýokary derejeli döwlet gullukçylary, daşary ýurtlaryñ ilçileri, halkara guramalaryñ wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdy.

Habarlar