nowruz-ba-ramy-halkara-turk-akademi-asynda-bellendi

Nowruz baýramy, Halkara Türk Akademiýasynda bellendi

Gazagystanyñ paýtagty Nursoltanda Halkara Türk Akademiýasynda Nowruz Baýramy bellendi.

21 Mart 2022 16:04

Halkara Türk Akademiýanyñ başlygy Darhan Kydyraliniñ ýer eýeçiliginde geçirilen baýramçylyk çärä, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Türkmenistan, Özbegistan, Wengriýa, Mongoliýa we Täjigistanyñ ilçileri bilen bilim adamlary, deputatlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriñ wekilleri gatnaşdy.

Myhmanlar ilki bilen Nowruz baýramynyñ gadymy däp-dessurlary bilen tanyşdyrýan sergini aýlanyp gördüler. Soñ bolsa Akademiýanyñ howlusyndaky ak öýde taýarlanan baýramçylyk suprasyndaky dürli tagamlardan dadyp gördüler.

Halkara Türk Akademiyanyñ başlygy Darhan Kydyrali metbugata beren beýanatynda: “ Nowruz, Türki dünýäsini birleşdirýän baýram. Bu sebäpdenem baýramçylyk supramyzda doganlyk we garyndaş halklaryñ milli tagamlaryna hem orun berildi. Saçagyñ başynda doga-dilegler etdik.”-diýdi.

Habarlar