nowruz-ba-ramyny-gadymy-d-bi-semeni

Nowruz baýramynyñ gadymy däbi: “ Semeni”

Nowruz baýramynda goñşylara semeni paýlamak däbi, Anadoluda ençeme asyrlar bäri dowam edýär.

21 Mart 2021 12:28

Türk halkynyň esasy baýramlarynyň biri Nowruz baýramy ençeme asyrlar bäri uludan bellenilip gelýär. Öz gadymy gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu baýram täze günüň – döreýşiň, janlanyşyň baýramydyr. Reñbe-reñk boýalan kiçi gaplara ekilenden soñ gögeren bugdaýyň gökje maýsasy “semeni” diýip atlandyrylýar. Nowruz baýramynda goñşulara semenini paýlamak däbi Anadoluda ençeme asyrlar bäri dowam edýär.

Semeni, Nowruz baýramynyñ esasy nyşanlaryndan biridir. Dürli reñkler bilen bezelen kiçi gaplara mart aýynyñ başynda bugdaý ekilýär. Gögeren bugdaýyň gökje maýsasy “ semenini” goñşulara paýlamak däbi, Türkiýäniñ Ygdyr welaýatynda ýaşadylýar. Täze ýylda umydyñ nyşanasy bolan semeniler bezelen gaplarda 21-nji mart baýramçylyk gününde öýlere myhman gelen goñşulara we garryndaşlara sowgat edilýär.

Her ýyl mart aýynyñ 10-da Ygdyryñ halky öýlerinde bugdaý ekýär. Semeni, tebigatyñ janlanyşynyñ, bereketiñ, rusgal-döwletiñ buşlukçusydyr we baýramçylyk suprasynyñ iñ esasy bezegidir.

Nowruz güni, Nowruz ösümliklerinden taýýarlanýan tagamlara aýratyn üns berlipdir. Däbe görä, baýramçylyk saçagyna ýedi dürli tagam goýmak däp bolupdyr. Olar esasan däneli ösümliklerden (bugdaý, arpa, dary, tüwi, mäş, nohut, noýba) taýýarlanylypdyr. Dürli naz-nygmatlara, tagamly naharlara, süýji ir-iýmişlere beslenen toý saçagy Nowruz baýramçylygynyň esasy gözelligidir. Nowruz suprasy bereketli bolsa, şol ýylyñ bereketli geşjegine ynanylýar.

Habarlar