okary-derejed-ki-turkmen-e-ran-geplesikleri

Ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleri

Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda bu ýurda resmi sapary bilen gelen hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçy düzümleri bilen ýokary derejedäki gepleşikleri geçirildi.

15 Haziran 2022 23:06

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň resmi duşuşygy geçirildi.

Ýokary derejedäki bu gepleşikleriň dowamynda soňky ýyllarda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmek boýunça taraplaryň çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany hökmünde ilkinji resmi saparlarynyň birini Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrmagy ýakyn goňşy döwletler bilen giň gerimli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ýurduň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugry bolmagynda galýandygyny hem-de döwletiň ählumumy bähbitlere kybap gelýän halkara hyzmatdaşlyk ýoly bilen üstünlikli öňe barýandygyny subut edýär.

Häzirki wagtda döwlet ösüşiň täze tapgyrynda Türkmenistan we Eýran däp bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary iki tarapyň hem durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna, milli bähbitlere kybap gelýän hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiklerini görkezýärler. Gol çekmäge taýýarlanylan hem-de ileri tutulýan ugurlaryň giň gerimi boýunça hyzmatdaşlygy düzgünleşdirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýokary derejedäki gepleşikleriñ çäginde döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary, geljegi uly hasaplanylýan gatnaşyklary ösdürmek ugrunda edilýän tagallalar, şeýle hem sebitara we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki döwürde ýakyn goňşy ýurt bilen hyzmatdaşlyk diňe bir özara bähbitli esaslara däl, eýsem, tutuş sebitde abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine netijeli ösdürilýär.

Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleriň arasynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, bilelikdäki işiň netijeleri boýunça toplanan tejribeleri we bar bolan serişde hem-de ykdysady mümkinçilikleri nazara alyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan çemeleşmeleri kesgitlemäge oňyn şertleri üpjün etdi.

Habarlar