13 Kasım 2021 22:47
Omelýan Prisak (1919-2006) Garward uniwersitetinde Ukrain taryh kafedrasyny gurdy we kafedranyñ 1-nji ýolbaşçysy boldy.
Prisak orta asyr taryhşynaslygy boýunça ylmy işleri bilen tanalýar. Esasanam Turkologiýa onuň hünärlerinden biridir.
Neşir edilen eserleriň käbiri: "X asyryň Kaspi ýewreý resminamalary", "Orta asyr Ýewraziýanyň taryhyny öwrenmek", "Peçenegler: sosial we ykdysady özgerişler", " IX-X asyrlarlada Ýewraziýa sährasynda iki göç hereketi" we" Oguz ýabghu imperiýasynyň ýykylmagy ".
2009-njy ýylda onuň hormatyna Omelýan Prisak gündogary öwreniş merkezi döredildi. Bu merkezde Omelýan Prisak tarapyndan 70 ýyl bäri toplanan filosofiýa, lingwistika, dünýä taryhy, Gündogary öwreniş, slawýan okuwlary, skandinaw öwrenişleri, arheologiýa, numizmatika, filosofiýa golýazmalary, neşirler, taryhy çeşmeler, arhiw resminamalary we çeper-medeni ýadygärlikler bar.