omruni-yslam-dinine-dogry-dusunm-ge-we-dusundirm-ge-bagys-eden-dana-ymam-maturi

Ömrüni Yslam dinine dogry düşünmäge we düşündirmäge bagyş eden dana: Ymam Maturidi

Ymam Maturidi, Ahmet Ýasawy, Ýunus Emre we Hajy Bektaş-ı Weli ýaly beýik şahsyýetleriñ ruhy mugallymlary hasaplaýan dana mugallym.

10 Haziran 2022 20:58

Ýazan kitaplary we paýhasly pelsepesi bilen Yslam dininiñ ýaýratmaga goşant goşan beýik dini alym Abu Mansur Muhammet bin Muhammet bin Mahmut al-Maturidi as-Samarkand, Özbegistanyň Samarkand sebitinde dünýä indi.

Doglan senesi näbelli bolsa-da, käbir taryhy çeşmelere görä doglan ýyly 863-nji ýyl.

Ymam Maturidi Yslam dinini zor bilen däl-de gürrüñ berip, ýaýratmagy goldaýardy.

Yslam alymlarynyň arasynda onuň hoşniýetli, obýektiw we häzirki zaman garaýyşlary ýokary hormatlandy.

Hakyky imanyň kör iman bilen däl-de, eýsem Hudaýyň beren akyl-paýhasy bilen mümkindigi baradaky pikiriniñ täsiri bilen köp adamlar Yslam dinini saýlady.

Bu döwürde ýazan "Töwhid" kitaby, akyl bilen ynamyň arasynda deňagramlylygy döretmäge gönükdirilen eserdir.

Bagdada, Damaska ​​we Mekgä ýygy-ýygydan çagyrylan ymam Maturidi halyflara maslahat berdi.

80 ýaşyna çenli metjitlerde wagyz etmäge we şärik ýetiştirmäge dowam eden Ymam Maturidi 944-nji ýylyň aprelinde dünýeden ötdi.

Ömrüni ylma bagyş eden we uly hyzmatlar eden Maturidiniň bilinýän 15 eseri bar. Esasanam "Kitab-ut-tawhid", "Tewilat-ul-Gurhan", "Kitab-ul-makalat fil-kelam", "Me'haz-üş-şeriye" we "Kitab-ul-jedel" eserlerinin deñi-taýy ýokdur.

Maturidiniň yslama bolan garaýşy, häzirki wagtda köp musulmanlaryň öňe sürýän ynanç pelsepeleriniň biri hökmünde ýaşamaga dowam edýär.

Habarlar