osman-imperi-asyna-i-sohratly-dowri-beren-soltan-kanuny-soltan-sule-man

Osman imperiýasyna iň şöhratly döwri beren soltan: Kanuny Soltan Süleýman

Kanuny Soltan Süleýmanyň 46 ýyllyk hökümdarlyk eden döwründe Osman imperiýasy iň güýçli günlerini başdan geçirdi.

11 Eylül 2021 18:10

Kakasy  Ýawuz Soltan Selim we ejesi Hafsa Hatun bolan Kanuny Soltan Süleýman 1495-nji ýylyň 27-nji aprelinde Trabzonda dünýä indi.

Döwlet baştutany bolanda 25 ýaşyndady. Osman imperiýasyny 46 ýyl dolandyrdy. Kanuny Soltan Süleýmanyň hökümdarlygy Osman imperiýasynyň iň şöhratly ýyllary hökmünde taryhda bellige alyndy.

Mimar Sinan şekillendiriş sungaty uniwersitetiniň mugallymy Prof. Dr. Süleýman Kızyltoprak Kanuni Soltan Süleýmanyň durmuşy we gazanan üstünlikleri barasynda möhüm maglumatlary berdi.

Ilkinji saparyny Belgrada guraldy

Prof. Dr. Süleýman Kızyltoprak: "Kanuni Soltan Süleýman tahda geçeninden soñ ilkinji gazanan üstünligi 1521-nji ýylda Belgrady basyp almakdy. Türkleriň maksady Osman tagtynda güýçli hökümdar otyrtmakdy "-diýdi.

Osman imperiýasynyň iň şöhratly döwri

 Belgratdan soñ Rodos basyp alyndy. Mohaç düzlüginde gysga wagtyň içinde wengerleri ýeňdi. Günbatarda oñ haýranlyk duýulup "Beýik Süleýman" diýilýärdi, gündogarda bolsa döwleti adalatly dolandyrýandygy üçin "Kanuni” diýilýärdi. Onuň dolandyran döwründe Osman goşuny yzygiderli ýeňiş gazandy

Goşgy hem ýazdy

Kanuni Soltan Süleýman, "Muhibbi" lakamy bilen goşgylar ýazypdyr. Onuñ döwründe sungatdan ylma, binagärlikden edebiýata çenli köp ugurlarda yz galdyrýan gadamlar atyldy.

Mimar Sinan bilen möhüm eserler miras galdyrdy

Prof. Dr. Süleýman Kızyltoprak, Kanuni Soltan Süleýmanyñ mimar Sinan bilen bilelikde Stambul şäherine köp sanda taryhy eserler miras galdyrandygyny belläp: “ Ilkinji eseri kakasy adyna ýasadan Ýawuz Soltan Selim metjididi. Soñ bolsa ogly şazada Mehmet we Jihangiriñ adyna ýasadan metjitler hem Stambul şäheriniñ görküne görk goşýan eserlerdi”-diýdi.

Döwrüñ iñ esasy eseri Süleýman metjididir

Prof. Dr. Süleýman Kızyltoprak,“Mimar Sinan Süleýmaniýe metjidine özüniñ şägirtlik eseri diýipdi. Ýöne Süleýmaniýe metjidi  Kanuny Soltan Süleýmanyň  güýjüni, dünýägaraýşyny we beýikligini subut edýän ajaýyp eserleriň biridir. "-diýdi.

Zigetwar saparynda dünýeden ötdi

Kanuny Soltan Süleýman 72 ýaşynda goşunynyñ başynda Zigetwar sapara gitdi. Keseliniň bardygyna garamazdan söweş meýdanyndan aýrylmaýan Kanuny Soltan Süleýman 1566-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda galanyň ele salynmagyny görmän dünýeden ötdi.

Prof. Dr. Süleýman Kızyltoprak,” Kanuny Soltan Süleýmanyñ kümmetiniñ Süleýmaniýe toplumynyň içinde bolmagy we söýgüli aýaly Hürrem Soltanyň kümmetiniñ ýanynda orun almagy aýratyn many añladýar. Mimar Sinanyñ kümmetini Süleýmaniýe Metjidi toplumunyñ gapdalynda orun almagyny saýlamagy  Kanuny Soltan Süleýman bilen bolan dosttlugyny görkezýär”-diýdi.

Osman imperiýasynyñ serhetlerini 2,5 esse giňeltdi

Kanuny Soltan Süleýman, Osman imperiýasynyň iň köp wagtlap dolandyran soltanydy. Onuň dolandyran döwründe imperiýanyň serhetleri iki ýarym esse giñeldi.

Habarlar