osman-imperi-asyny-esaslandyryjylaryny-kummetleri

Osman Imperiýasynyñ esaslandyryjylarynyñ kümmetleri

Türkiýäniñ Bursa welaýatynyñ Osmangazi etrabynda Bursa diwarlary, Sagat diñi we Garaşsyzlyk urşy şehitleriniñ ýadygärliginiñ bolan Tophane Seýilgähinde orun alýan Osman Gazi we Orhan Gaziniñ kümmetleri ilkinji günündäki görki bilen şäheriň esasy taryhy ýerlerinden biridir.

15 Nisan 2022 12:08

Osman Gazi we Orhan gazi kümmetleri, Remezan aýynda köp adamlaryñ gelip zyýarat edýän ýerlerine öwrülýär.

Osman Imperiýasynyñ esaslandyryjysy Osman Gazi, wesýetine görä Sögütte dünýeden öten wagty kakasy Ertugryl Gaziniñ kümmetine jaýlanan ýerinden alynyp Bursa şäherine getirilenden soñ “ Kümüşli kümmet” diýip bilinýän we gadymy Wizantiýa galasynyñ üstünde gurlan bir kümmete göçürüldi.

1801-nji ýylda baş beren ýangynda we 1885-nji ýylda baş beren ýertitremede uly zeper gören kümmet, 1863-nji ýylda Soltan Abdülaziz tarapyndan gaýtadan dikeldildi.

Üsti gümmez bilen örtülen sekizburçly kümmetiñ merkezindäki agaçdan ýasalan mazar Osman Gazä degişlidir. Kümmet mahmal bilen örtüli. Kümmetiñ içinde 17 mazar bar. Olaryñ arasynda Osman Gaziniñ ogly Aladdin beg, Orhan begiñ aýaly Asporça Hatun we ogly Ibrahim beg, I Muradyñ ogly Sawjy begiñ mazarlary orun alýar.

Tapawutly ýyllarda abatlanan bu kümmet, 2014-nji ýylda ÝUNESKO-nyñ Bütindünýä medeniýet miras sanawyna girizilen “ Bursa we Jumalykyzyk: Osman Imperiýasynyñ döreýşi” toplumyñ içinde orun orun alýar.

Habarlar