osman-taryhyny-krymdaky-yzlary-corguna-di-i

Osman taryhynyñ Krymdaky yzlary: Çorguna Diñi

Çorguna obasynda ýerleşýän diñ XVI asyrda guruldy.

13 Ağustos 2021 20:30

XIX asyrda Çorgunada ýaşap geçen krym tatarlary arasynda gürrüñ berilen bir rowaýata görä köşk we diñ, “Gara kazy” diýip tanalan bir Osman kazysy tarapyndan gurlupdyr.

Rowaýatyñ hakykat bolup bolmadygyny anyklamak münkin bolmasa-da 1660-njy ýyllarda Öwlýa Çelebiniň şol döwürde diñ we köşgüň eýeleri bolan Mustafa Aga we Ahmed Aganyň myhmany bolandygy bilinýär.

Öwliýa Çelebi eserinde Çorguna diňiniň demir derwezeleriniň öňünde asma köprüleriñ bolandygyny ýazýar.

XIX asryñ soñlarynda Çorguna diñi barasynda gözleg we barlag geçiren Krymly bilim admy Aleksandr Bertier de la Garde diñiñ aýratynlyklary üstünde işläp diñiñ goranmak maksady üçin gurulmadygyny tassyklaýar. Şeýle-de bolsa, binagärlik aýratynlyklary göz öňünde tutulanda diñiñ bölekleýin gorag maksatly gurlyp bilnendigini görkezýär. Bu diñde asuda ilat ýaşapdyr.

Aleksandr Bertier de la Garde diñiñ Genoa we Grek gurluşygy bolmadygyny, Osman binagärliginiñ bir nusgasy bolandygyny öñe sürýär.

Habarlar