osmani-e-teswileri-butindun-satyl-ar

Osmaniýe teswileri bütindünýä satylýar

Türkiýäniñ Osmaniýe welaýatynyñ Bahçe etrabyndaky 40 sany ussahanada ýasalýan teswiler hem içerki bazarlarda hem-de ýewropa we ýakyn gündogar sebitleriñ bolmagynda 50-den gowrak döwlete satylýar. Ussahanalarda agaç, amber we başga daşlar ulanylyp, her ýylda 3 million teswi öndürilýär.

29 Ocak 2022 22:04

Bahçe etrabyndaky 40 sany ussahanada ýasalýan teswiler 50-den gowrak döwlete satylýar.

Türkiýede teswi önümçiliginde esasy orny eýeleýän Bahçe etrabyndaky ussahanalarda ýylda 3 million teswi öndürülýär olaryñ 400 müñi daşary ýurtlara satylýar, galany bolsa ýurduñ içerki bazarynda satylýar.

Bahçe etrap häkimligi tarapyndan başladylan taslama bilen bu teswileriñ daşary ýurtlara satuwynyñ köpeldilmegi maksatlanýar. Bu taslama çäginde kompýuter inženerler, mugallymlar we gazna işgärleri bilen bir topar döredildi. Soñ “Tespih Bahçesi” markasy döredildi we bu atda internet salgysy açyldy. Soñra wirtual dükanlarda bu teswiler satylyp başlandy.

Şugünki gün bahçe etrabynda 40 sany ussahana bar we her ussahanada 8 adam işleýär.

Bahçe etrap häkimi Kaýabaşy internet salgysyndan satylan teswileriñ girdeýjisiniñ bir böleginiñ obalara hyzmat gaznasyna ugradyljakdygyny we raýatlarlaryñ hyzmatynda ulanyljakdygyny aýtdy.

Habarlar