ozbegistan-howa-ollaryny-urgenc-stambul-ucar-sapary-28-nji-martda-basla-ar

Özbegistan howa ýollarynyñ Ürgenç-Stambul uçar sapary 28-nji martda başlaýar

Özbegistan howa ýollary 2021-nji ýylyñ 28-nji martyndan başlap Ürgenç-Stambul uçar saparyna başlaýar.

15 Mart 2021 10:56

Özbegistanyñ Transport ministrligi tarapyndan berilen beýannamada Özbegistan howa ýollarynyň Ürgenç-Stambul-Ürgenç uçar saparyny 2021-nji ýylyñ 28-nji martynda başlaýandygy we saparyñ hepdede bir gezek amala aşyryljakdygy bellenildi.

Beýannamada ilkinji Ürgenç-Stambul uçar saparynyñ 28-nji martda  sagat 09:30-da ( Türkiýe sagady bilen 07:30) amala aşyryljakdygy mälim edildi.

Ürgenç howa menzilinde gurnaljak çäreden soñ Özbegistan howa ýollaryna degişli bolan ýolagçy uçary Türkiýe sagady bilen 11:50-de Stambula gonar.

Özbegistanyñ howa ýollary koronawirus ýokanç keseline garşy göreş çäginde 2020-nji ýylyñ Mart aýynda togtadylan Samarkand-Stambul uçar saparlary hem şu ýyl ýañadandan başlaýar. Hepdede 3 gezek amala aşyryljak Samarkand-Stambul uçar saparlary 29-nji martda sagat 20:05-de ( Türkiýe sagady bilen 18:05) başlaýar.

Özbegistanyñ howa ýollary, her gün Daşkent-Stambul-Daşkent uçar saparlaryny hem gurnaýar.

Habarlar