ozbegistan-ra-atlaryny-ukrainadan-cykarar

Özbegistan, raýatlaryny Ukrainadan çykarar

Özbegistan, Ukrainadaky raýatlaryny Polşanyň üsti bilen ýurtdan çykarar

25 Şubat 2022 14:35

Özbegistanyň daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýannamada Ukrainadaky ýagdaýyň ýaramazlaşmagy sebäpli  ýurtdan çykmak isleýän Özbegistan raýatlarynyň Polşanyň üsti bilen Özbegistana getiriljekdigi habar berildi.

Beýannamada, Polşanyñ degişli guramalarynyñ Özbegistanyñ raýatlaryna wizasyz girişlerine rugsat berjekdigi habar berilip serhetden geçişleriñ köpçülikleýin ýagdaýda we Özbegistanyñ Ukraina we Polşadaky ilçihanasynyñ işgärleri tarapyndan utgaşykda amala aşyryljakdygy bellendi.

Beýannamada, Ukrainada 4300-de golaý Özbegistanyñ raýatynyñ ýaşaýandygy habar berilip Özbegistanda degişli guramalaryñ Ukrainadaky ýagdaýyñ ýaramazlaşmagy sebäpli bu ýurtdaky Özbegistanyñ raýatlarynyñ ýurda getirilmegi üçin iş alyp barýandygy we bu çäkde Ukrainadan çykmak isleýän raýatlaryñ sanawyny taýarlanýandygy we  ýurda getiriş meýilnamasynyñ üstünde işlenýändigi nygtaldy.

Habarlar