ozbegistan-tarapyndan-5-urda-berlen-10-gunluk-wizasyz-sy-ahat-hukugy-gu-je-gird

Özbegistan tarapyndan 5 ýurda berlen 10 günlük wizasyz syýahat hukugy güýje girdi

Özbegistanda syýahatçylyk pudagyny ösdürmek maksady bilen 5 ýurduň raýatlaryna berlen 10 günlük wizasyz syýahat hukugynyň güýje girendigi malim edildi.

01 Mart 2021 12:57

Özbegistan Respublikasynynyñ prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan ýurduñ syýahatçylyk pudagynyñ ösdürülmegi boýunça gol çekilen kararnama laýyklykda Bahreýn, Katar, Kuweýt, Oman we Hytaýyň raýatlary Özbegistanda 10 gün wizasyz galyp bilýärler.

Bu hukukdan peýdalanmak üçin 5 ýurduñ raýatlary üçünji ýurda ýa-da öz ýurduna dolanmak üçin satyn alan uçuş petegini degişli edaralara görkezmeli.

Kabul edilen kararnamanyñ güýje girmegi bilen Hytaý döwletiniñ raýatlarynyñ Özbegistanda 7 günläp wizasyz galma hukugy 10 güne çykaryldy.

Özbegistanyñ hökümetiniñ ýurduñ syýahatçylyk pudagyny ösdürmek üçin ozaldan kabul eden kararlarynyñ çäginde aralarynda Türkiýäniñ hem bolan 86 ýurduñ raýatlaryna 1-3 aý aralygynda ýurtda wizasyz galma hukugy berilipdi.

Habarlar