ozbegistan-we-gyrgyzystan-sowda-dolanysygyny-mukdaryny-iki-esse-artdyrmak-barad

Özbegistan we Gyrgyzystan söwda dolanyşygynyñ mukdaryny iki esse artdyrmak barada ylalaşdy

Gyrgyz Respublikasynyñ prezidenti Sadyr Japarow resmi sapar bilen Özbegistana bardy.

11 Mart 2021 22:46

Gyrgyz Respublikasynyñ prezidenti Sadyr Japarow  Özbegistana guran resmi saparynda Prezident Şawkat Mirziýoýew taparyndan Göksaraý Köşkinde resmi dabara bilen garşylandy.

Ikı lider resmi garşylama dabaradan soñ ikiçäk we toparara gepleşikler geçirdi. Gepleşiklerde ikitaraplaýyn gatnaşyklar, syýasy, söwda-ykdysady we transport ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sadyr Japarowy prezidentlige saýlanmagy mynasybetli ýene bir gezek gutlan Prezident Mirziýoýew, prezident Sadyr Japarowyň gyrgyz halkynyň abadançylygy ugrundaky tagallalaryny goldaýandyklaryny aýtdy.

Iki lider soñky 4 ýylyñ dowamynda 5 esse köpelip 900 million dolara ýeten iki ýurduñ arasyndaky söwda dolanyşygynyñ mukdaryny ýakyn geljekde 2 esse köpeldilmegi boýunça ylalaşdylar.

Liderler 200 million dolarlyk Özbegistan- Gyrgyzystan Maýagoýum Gaznasynyñ döredilmegi boýunça hem karar kabul etdiler. Şeyle-de Özbegistan-Gyrgyzystan- Hytaý demirýoly taslamasynda hem hyzmatdaşlyk edilmegi boýunça ylalaşyk gazanyldy.

Habarlar