ozbegistanda-2021-nji-yly-15-nji-martyndan-baslap-dasary-urtlardan-gelenler-s

Özbegistanda 2021-nji ýylyñ 15-nji martyndan başlap daşary ýurtlardan gelenler serhetde “PCR” barlagdan geçirilmezler

Özbegistanda 15-nji martdan başlap daşary ýurtlardan gelýän ýolagçylar uçar gatnawyndan 72 sagat öň netijesi negatiw bolan “PCR” barlag netijenamalaryny görkezen ýagdaýlarynda serhet gözegçilik nokatlarynda “PCR” barlagdan geçirilmezler.

14 Mart 2021 22:40

Özbegistan Koronawirus ýokanç keseline garşy göreş komissiýasy tarapyndan kabul edilen karara laýyklykda; 15-nji martdan başlap  daşary ýurtlardan gelýän ýolagçylar uçar gatnawyndan 72 sagat öň netijesi negatiw bolan “PCR” barlag netijenamalaryny görkezmelidir.

“PCR” barlag netijenamalary bolmaýanlar bolsa howa menzili we otly duralgalarynda gurulan “PCR” barlag merkezlerinde çalt Kowid-19 barlagyndan geçiriler.

Özbegistanda koronawirus wakalarynyñ azalmaga başlanmagy bilen 2020-nji ýylyñ sentýabar aýyndan başlap Türkiýäniñ hem aralarynda bolan käbir ýurtlara ýañadandan uçar gatnawlary başlandy.

Özbegistanda soñky 24 sagatda edilen kowid-19 testlerde ýene 86 adamda koronawirusyñ bardygy anyklanmagy bilen ýurtda koronawirusa ýolugan adamlaryñ sany 80 müñ 576-ä, koronawirusdan sagalan adamlaryñ sany bolsa 79 müñ 242-ä ýetdi.

Habarlar