ozbegistanda-gys-sy-ahatcylygy

Özbegistanda gyş syýahatçylygy

Özbegistanda gyş syýahatçylygyna degişli bolan desgalara her gün täzesi goşulýar.

21 Ocak 2022 18:22

Arassa howasy we ajaýyp tebigaty bilen özüne bendi edýän Özbegistan  gyş syýahatçylygynyň merkezi bolmaga dalaşgär.

Paýtagt Daşkentde gyş syýahatçylygyna degişli desgalara her gün täzesi goşulýar. Gyş aýlarynda transport gatnawyñ üznüksiz bolmagy üçin asma ýollar guruldy. Asma ýol transport aralygyny gysgaldýar we ýolagçylara howpsuz syýahat etmäge mümkinçilik berýär.

Ýurtda dag, sport, saglyk, daglyk ýer, lyžada typmak we gastronomiki syýahatçylygy ösdürmek üçin köp sanly taslama dowam edýär.

Asma ýollar, lyža merkezleri, golf meýdançasy, ýapyk we açyk sport desgalary we köp sanly myhmanhanany öz içine alýan taslamalar üçin türk kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edilýär.

Özbegistan gyş sezonynda köp sanda ýerli we daşary ýurtly syýahatçylary kabul etmegi maksatlaýar.

Habarlar