ozbegistanda-koronawirus-epidemi-asy-seb-pli-su-yl-dowlet-derejesinde-nowruz-ba

Özbegistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli şu ýyl döwlet derejesinde Nowruz baýramçylygy bellenmez

Özbegistanda kowid-19 epidemiýasy sebäpli şu ýyl Nowruz baýramy üçin döwlet derejesinde baýramçylyk çäreleri gurnalmaz.

17 Mart 2021 15:57

Özbegistanyñ premýer ministri Abdulla Aripowyñ ýolbaşçylygynda geçirilen koronawirusa garşy göreş komisiýanyñ kabul eden kararyna laýyklykda, soñky döwürde koronawirusa yolugan adamlaryñ sanynyñ köpelmegi sebäpli şu ýyl Nowruz baýramy üçin döwlet derejesinde uly baýramçylyk çäreleri gurnalmaz.

1991-nji ýylda garaşsyzlygyny yglan eden Özbegistanda ilkinji gezek 2020-nji ýylda koronawirus epidemiýasy sebäpli Nowruz baýramy uly baýramçylyk çäreleri bilen bellenmändi. Şu ýyl hem özbek halky Nowruz baýramyny öýlerinde bellär.

Koronawirusa garşy göreş komisiýanyñ kabul eden kararyna laýyklykda; Nowruz baýramy oba ýerlerinde az sanda adamyñ gatnaşmagynda kiçi göwrümde bellener. Baýramçylyk günlerinde köp adamyñ ýygnanşan ýerlerinde agyz we burun örtügi ulanylmaly, sosial araçäge üns bermeli.

Habarlar