ozbegistanda-sumelek-datlysy-ta-arlamak-d-bi

Özbegistanda “sümelek” datlysy taýarlamak däbi

Özbegistanda nesilden-nesle geçip gelýän bolçulygyň nyşany bolan "sümelek” datlysyny taýarlamak däbi köp asyrlap dowam edip gelýär.

26 Mart 2022 09:44

Türki dilli halklaryñ esasy baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramy ençeme asyrlar bäri uludan bellenilip gelýär. Öz gadymy gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu baýram täze günüň – döreýşiň, janlanyşyň baýramydyr. garlaryň eräp tebigatyñ janlanmagy, günüň şöhlesiniň älem-jahana ýylylyk bermegi Nowruzyň alamatlarydyr.

Nowruz adamlaryň öz howlularyna, mellek ýerlerine we öý-içerilerine serenjam bermegiň ýazky aladalarynyň başlanmagyna hem gabat gelýär. Baýramçylyga birnäçe gün galanda öýde düýpli arassaçylyk işleri başlanýar. Baýram güni bolsa täze lybaslaryny geýip, birek-biregi gutlaýarlar. Dürli tagamlar bişirip, gyzykly oýunlar oýnap, özara gürrüňler edip täsirli geçirýärler.

Özbegistanda Nowruz baýramda esasy tagam sümölökdir. Ony taýýarlamak Nowruzyň aýratyn däbi bolup, ol gadymy ynanç we däplerden gelip çykýar. Sümelek, Nowruzdan bir gün öň taýýarlanyp başlanylýar, ony daň atýança uzak gije gaýnadýarlar, oňa tutuş oba ýa-da birnäçe maşgala gatnaşýar.

Sümelek datlysyny taýarlamak üçin ýag, semeni, , un we suw ulanylýar. 24 sagatlap datlynyñ gazana ýapyşmazlygy üçin garyşdyrýarlar. Gaýnap durýan gazanyñ töwereginde ýaş zenanlar milli aýdymlar, tanslar ýerine ýetirýärler we doga edýärler.

Nowruzda taýýarlanylan sümelegi datmak sogap hasaplanylýar. Ol adamlara rysgal getirýär.  12 sagatlap gaýnadylyp bişirilen sümölök datlysy, 21-nji martda Nowruz baýramda myhmanlara hödürlenýär. Bereketli saçagyñ başynda ýylyñ bereketli geçmegi üçin doga edilýär.

Sümelegiñ taýarlanyşy

Sümelek taýýarlananda arassalanan bugdaý dänelerini tagtada ýaýradylyp örtülýär we gögerýänçä 4-5 günläp suw sepilýär. Gowy gögerenden soň bolsa ot üweýjide üwelip krahmal suwuklygy alynýar. Üstüne un goşulup krahmal suwuklygy bilen garylýar we soňra uly gazanda gyzdyrylan ýagyň üstüne goşulýar we 2 gün üznüksiz garylmagy dowam etdirilýär. Şol gazan garylýan wagty ýagşy doga dileg edilse şol dilegleriň kabul bolýanlygyna we sümelegiñ tagamy garylyp başlanyndan tä taýýar bolup agzy ýapylyp, hiç hili tagamyny datman 5-6 sagat demine goýulandan soňra, semeniniň ýüzünde Äşe Patmanyň bäş barmagynyň yzynyň peýda bolýandygyna ynanlylar. Sümelegiñ her derde şypa bolandygyna we adama güýç berýndigine ynanylýar.
Her döwletde sümelek tagamynyň taýýarlanmagy şol ýylyň bereketliliginiň alamaty hasaplanýar.

Özbegistanda sümelek datlysynyñ gelip çykyşy barasynda köp sanda rowaýat bar. şol rowaýlaryñ biri, bir ene bahar paslynda öýünde aç ekiz çagalaryny doýurmak üçin öýündäki semenini suw bilen gaýnadýar. Çagalaryna gazanyñ içinde bir zatlaryñ bolandygyny ynandyrmak üçin gazanyñ içine birnäçe daş bölekleri atýar. Tutuş gije naharyñ taýar bolmagyny garaşan çagalar ýadowlykdan uklap galýarlar. Oýananlarynda bolsa gazanyñ içinde hoşboý ys alýarlar. Rowaýata gör gije 30 melek gazany garyşdyrýar we sümelek datlysy ýüze çykýar. Bu sebäpdenem taýarlanan datla pars dilinde 30 melek manysyny añladýan “ sümelek” ady dakylýar.

Habarlar