ozbegistanda-to-salamy-d-bi

Özbegistanda “toý salamy” däbi

Özbegistandaky toýlaryñ aýrylmaz däbi “Gelin Salamy”

08 Temmuz 2022 22:53

Özbegistanda toýlar başyndan soñuna çenli dürli däp-dessurlardan ybarat bolup  şol bir wagtyñ özünde hem gaty gyzykly hem-de toý eýelerini gaty ýadadýan çäre.

Her däbiñ manysy bolan ýurtda, toýdan soň irden sagatlarynda gelin, maşgala agzalarynyñ hemmesi bilen salamlaşýar.

Däbe görä, gelin ýigidiň öýüne gadam atanyndan soň, maşgala agzalarynyñ hemmesi bilen salamlaşmaly.

Ertiriñ ir sagatlarynda ýerine ýetirilýän salamlaşma däbi ilki gaýynene we gaýynata salam bermek bilen başlanýar.

Salamlaşma däbi: “ Iki ýaş juwany birleşdirýän “ salam”,

                                 Salam, gelin salam,

                                  Ilki Alla “ salam” ber sözi bilen başlaýar.

Gelin salam berýär ýaşulylar bolsa oña doga edýärler.

Salamlaşma däbinden soñ öýe gelen myhmanlar geline” uzak ýaşa”, “ hemişe bagtyýar boluñ” ýaly doga-dilegler edip täze durmuş guran juwanlara sowgatlar gowşurýarlar.

Gelini salamlamaga gelen myhmanlara dürli tagamlar hödürlenýär.

Lezzetli tagamlar we datlylar bilen bezelen “ gelin suprasy” myhmanlaryñ göwnünden turýar.

Habarlar