ozbegistanda-ynanc-sy-ahatcylygy

Özbegistanda ynanç syýahatçylygy

Özbegistanda türk-yslam siwilizasiýasyna degişli köp sanly taryhy eser bar.

27 Ağustos 2021 15:55

Ynanç syýahatçylygy taýdan uly potensiala eýe bolan Özbegistanyñ paýtagty Daşkend, Samarkand we Buhara şäherleri köp sanly yslam eserlerine ýer eýeçiligi edýär.

Bu şäherlere gezelenç edilende Týan Şan daglaryndan Hira dagyna çenli uzanýan syýahatyñ ruhuny duýmak bolýar. Özbegistanda Ymam Buhari, Ymam Tirmizi, Ymam Matrudi, M. Bahauddin Şah-y Nakşybendi, Ubeýdullah Ahrar, Abdulhalik Günçdüwani, Arif-i Riwgeri, Ali Ramitani, Emir Külal we Mahmud Fagnewiniñ başda durmagynda köp sanda beýik alymlar, şahyrlar dünýä indi.

Türk-Yslam siwilizasiýasynyň möhüm merkezlerinden biri bolan Özbegistanda soňky döwürde ynanç syýahatçylygyny ösdürmek üçin gadamlar atyldy.

Yslam medeniýeti we ylmyna uly goşant goşan beýik din alymlarynyñ bu topraklarda ýaşan bolmagy, Samarkand, Buhara, Hywa ýaly taryhy şäherler, taryhy medrese we metjidler musulmanlar üçin iññän möhim. Ymam Maturidiniñ kümmeti we Ymam Buhari toplumy Samarkantdaky iň esasy ynanç syýahatçylyk merkezleridir.

Ozallar “ Kubbetül-Yslam” diýip tanalýan Buhara şäheri Yslam dünýäsinde ýedi Mürşid ýada ýedi Akyldar diýip tanalýan danalaryñ şäheridir. Olar: Abdulhalik Günjdüwani, Arif-i Riýgeri, Mahmud Fagnewi, Ali Ramitani, Muhammed Baba Semmasi, Emir Külal we Hezreti Bahauddin Nakşibendi. Şeyle-de Buhara şäherinde ynanç syýahatçylygy taýdan uly ähmiýete eýe bolan Muhammed Zahid Buhari we Alaüddin Atlar kümmeti, Muhammed Derwiş we Muhammed Imganakiniñ kümmeti orun alýar.

 

Habarlar