ozbegistandaky-sah-y-zinde-toplumy

Özbegistandaky Şah-y Zinde Toplumy

Özbegistanyñ Samarkand sebitinde orun alýan Şah-y Zinde toplumy, adamlaryñ iň bir gelim-gidimli ýerinden.

10 Eylül 2021 18:40

Özbegistanyñ Afrasiýab şäherinde ýerleşýän Şah-y Zinde toplumda, hökümdar Teýmiriñ neslinden gelen şazadalaryñ kümmetleri orun alýar.

Şah-y Zinde, “ ýaşaýan şa” manysyny añladýar  Ynanja görä, Yslam dini ugruna jan berenler ölmejekleri üçin olara "ýaşaýan şa" ady dakylypdyr.

Merkezi Aziýanyñ iñ esasy gelim-gidimli ýerlerden biri bolan Şah-y Zinde toplumy adyny Hezreti Muhammediñ ýegeni Kusam bin Abbasdan alýar. Bu ýerde iki sany metjid we bir medrese bar. Teýmir hanyñ döwründe Teýmir hanyñ neslinden gelenler bu ýerde jaýlanmaga başlanypdyr. Toplumyñ gurluşygy Ulug beg tarapyndan tamamlanypdyr. Bu ýerde 40 golaý kümmet bar. Kümmetler esasanam dörtburç görnüşde bolup iñ esasy aýratynlygy beýik we gawun şekilli gümmezli bolmalary. Kümmetlerde örän owadan kafeller ulanylypdyr.

Her hökümdar bu ýerde bir eser gurdurmagy özi üçin bir mertebe kabul edipdir.

Toplumyñ diwarlarynda aýat we hadyslar ýazylan.

Zamanamyzda güniñ her sagadynda ýüzlerçe adam Şah-y Zinde toplumuny zyýarat edip ata-babalary üçin doga edýärler.

Habarlar