ozbegistandaky-ymam-buharini-kummeti

Özbegistandaky Ymam Buhariniñ Kümmeti

Ymam Buhariniñ kümmetine syýahatçylar uly gyzyklanma görkezýär

07 Ocak 2022 22:12

Hakyky ady Muhammed bin Ysmaýyl bolan Buhari, 810-njy ýylyñ 20-nji iýulynda Buhara şäherinde dünýä indi. Ymam Buhari hezretleri Yslam dinine uly hyzmat eden beýik alymlardan biridir.

Buhari eden hyzmatlary bilen “hadys alymlarynyň ussady” şanyna eýe boldy.

Ymam Buhariniñ kümmeti, Samarkand şäheriniñ 20 kilometr demirgazygynda ýerleşýän Khoja Ysmaýyl obasynda orun alýar.

Düzümünde Ymam Buhariniñ kümmetiniñ orun alýan Ymam-y Buhari Toplumy, Sowýet soýuzy döwründe haraba öwrüldi. Özbegistanyñ garaşsyzlyk ýyllarynda bolsa gaýtadan owadan keşbine  eýe boldy.

Köp asyrdan bäri musulmanlaryñ iñ köp zyýarat edýän ýeridir. Toplumda Eýranda getirilen ýörite mermerleriñ ýüzüne çaýylan syrçalar we hattatlyk sungatynyñ naýbaşy eserleri orun alýar.

Bu ýerik zyýarata gelenler wezipeli hünärmenlerden Ymam Buhariniñ durmuşy barasynda maglumat alýar.

Toplumyñ edil ýanynda metjid we Gurhan müzeýi orun alýar. Muzeýde tapawutly döwletlerden sowgat edilen Gurhanlar we taryhy eserler sergilenýär.

Habarlar