ozbegistany-gadymy-hywa-s-herinde-turk-dun-sini-medeni-et-pa-tagty-acylys-d

Özbegistanyñ gadymy Hywa şäherinde “Türk Dünýäsiniñ Medeniýet paýtagty” açylyş dabarasy geçirildi

Türki dilli halklaryñ Halkara Medeniýet Guramasy (TÜRKSOY) tarapyndan yglan edilen “ Hywa-2020 Türk Dünýäsiniñ medeniýet paýtagty” açylyş dabarasy Özbegistanyñ taryhy Hywa şäherinde geçirildi.

15 Eylül 2021 12:51

Geçen ýyl koronawirus epidemiýasy (Kowid-19) sebäpli yza süýşürilen “ Hywa-2020 Türk dünýäsi medeniýet paýtagty” açylyş dabarasy 500-e golaý sungat işgärleriniñ gatnaşmagynda Özbegistanyñ Hywa şäherindäki Içan galada geçirildi.

Açylyş dabarasy mynasybetli Hywa şäheri açyk howa muzeýine öwrüldi. Dabara gatnaşan sungat işgärleri Içan galanyñ ähli köçelerini sahna meýdançasyna öwürip milli aýdym-sazlar, tanslar ýerine ýetirdiler.

Dabaranyñ çäginde TÜRKSOÝ tarapyndan Türk Dünýäsiniñ medeniýet paýtagty surat sergisi hem açyldy. Türk dünýäsiniñ tanymal suratkeşleriñ eserleriniñ orun alýan sergide TÜRKSOÝ-uñ medeniýet paýtagty bolan ähli şäherleriñ suratlary sergilendi.

Dabaranyñ çäginde Özbegistanyñ milli lybaslarynyñ moda görkezilişi hem boldy

Açylyş dabarada çykyş eden Özbegistanyñ premýer ministriñ orunbasary, Syýahatçylyk we sport ministri Aziz Abduhakimow, Hywa şäheriniñ 2020 Türk dünýäsiniñ medeniýet paýtagty diýip yglan edilmegi mynasybetli TÜRKSOÝ-a sagbolsun aýtdy.

TÜRKSOÝ-uñ baş sekretarynyñ orunbasary Bilal Çakyjy hem eden çykyşynda guramanyñ Türk Dünýäsi Medeniýet paýtagty programmasynyñ Türk dünýäsinde uly joşgun döredendigini nygtap 2020 Türk dünýäsi medeniýet paýtagty Hywada Türk dünýäsini duşuşdyrýan bu çärä gatnaşmaktan bagtly bolandygyny aýtdy.

Çykyşlardan soñ TÜRKSOÝ-uñ baş sekretarynyñ orunbasary Bilal Çakyjy “ Hywa-2020 Türk dünýäsiniñ medeniýet paýtagty” şahadatnamany Özbegistanyñ medeniýet ministri Azadbek Nazarbekowa we Hywa şäheriniñ häkimi Timur Dawletowa gowşurdy.

Açylyş konsertde sahna alan aýdymçylar, tans toparlary Özbegistanyñ milli aýdynmlaryny-sazlaryny, tanslaryny ýerine ýetirmek bilen bir çäklenmän Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Türkmenistan we Wengriýadan hem nusgalar ýerine ýetirdiler.

Açylyş dabara Gyrgyzystanyñ medeniýet, bilim, sport we ýaşlyk ministri Kaýrat Imamaliýew, Halkara Türk akademiýasynyñ başlygy Darhan Kydyrali, halkara guramalaryñ wekilleri bilen köp sanda myhman gatnaşdy.

2019-njy ýylda Gyrgyzystanyñ Oş şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-uñ 37-nji döwür maslahatynda “Hywa şäheri 2020-nji ýyl Türk dünýäsiniñ medeniýet paýtagty diýip yglan edilipdi.

Habarlar