ozbegistany-hywa-s-herini-i-esasy-nysanalaryndan-juma-metjidi

Özbegistanyñ Hywa şäheriniñ iñ esasy nyşanalaryndan: Juma metjidi

Juma metjidi, 212 sany agaç sütüni bilen haýran galdyrýar.

01 Temmuz 2022 22:17

XVIII asryñ soñlarynda gurlan Juma metjidi, Özbegistanyñ Hywa şäheriniñ Içan galasynyñ içinde orun alýar.

Metjidiñ 212 sany agaç sütüniniñ her birindäki çeperçilik sungaty taryhyñ başga bir sahypasyny ýagtylandyrýar.

Sütünleriñ hiç haýsy bir-birine meñzänok we sütünleriñ ýüzündäki agaç sunalama sungaty bolsa ussalaryñ  hünärini görkezýär.

Beýleki tarapdan sütünler şeýle bir tertipli ýerleşdirilipdir welin, münberden seredeniňde hiç bir sütün beýlekisini ýapanok we metjitde gelen adamlaryñ her biri ymamy görüp bilýär.

Merkezinde kiçi bir howuzyñ bolan metjitde, howa çalşygy we yşyklandyryş üçin üçekde açyk ýer galdyrylypdyr.

Bir wagtyň özünde 2 müňe golaý adamyň namaz okap bilýän bu uly metjid, häzirki wagtda muzeý hökmünde ulanylýar.

Habarlar