ozbegistany-namangan-wela-aty-cust-pycaklary-bilen-meshur

Özbegistanyñ Namangan welaýaty çüst pyçaklary bilen meşhur

Çüst, Namangan welaýatyndaky bir sebitiñ ady.

01 Ekim 2021 21:48

Taryhy biziñ eramyzdan öñki ýyllara daýanýan çüst pyçaklaryñ ýasalşynda keýik we sugun şahy ulanylýar.

Bu pyçaklar çylşyrymly nagyşlar we dürli reňkler bilen bezelýär. Pyçagyñ ýüzünde iñ köp ulanylýan nagyşlar bolsa “ bahar çigildemler” we “pagta gülleri”dir.

Muña garamazdan, Çüst pyçaklarynyň özboluşly görnüşi bar, sebäbi her bir ussa ýasaýän pyçagynda öz nagyşyny we öz ýasama usulyny ulanýar.

Pyçagyň ini adatça 4-6 sm, uzynlygy bolsa 18-25 sm arasynda bolýar.

Pyçak ussalary ata-babalaryndan miras galan bu hünäri kiçi ýaşlardaka öwrenmäge başlaýarlar. Pyçagyñ ýasalşynyñ hiçbir tapgyrynda tehnologiýa ulanylanok. Bu hünärde iñ esasy häsiýet, çaltlyk we bilek güýji.

“Özbegistan” ady bilen tanalýan çüst pyçaklaryna daşary ýurtly syýahatçylar uly gyzyklanma görkezýär.

Habarlar