ozbegistany-nowa-y-s-heri-adamzady-i-gadymy-ga-alaryny-uzune-cyzylan-suratl

Özbegistanyñ Nowaýy şäheri adamzadyñ iñ gadymy gaýalarynyñ ýüzüne çyzylan suratlara ýer eýeçiligi edýär.

Gaýalaryñ ýüzüne haýwanlar we aw sahnalary çekilipdir. Özbegistanyň Nowaýy sebitindäki gaýalaryñ ýüzüne çekilen suratlar taryhyň näderejede çuňlugyny görkezýär.

12 Kasım 2021 20:07

Nowaýy şäherinden 40 km uzaklykda ýerleşýän Sarmyssaý sebitindäki suratlaryň taryhy müňlerçe ýyl ozala uzanýar.

Sebit 1958-nji ýylda ýüze çykaryldy. Birleşen Milletler Guramasynyñ Bilim, Ylym we Medeniýet guramasy ÝUNESKO we Özbegistan Ylymlar Akademiýasy bilelikde ylmy işler ýöretdi.

2018-nji ýýlda sebit milli seýilgähe öwrüldi. Sebitde açyk howa müzeyi ýaly. 10 müñi aşan gayalaryñ ýüzüne çyzylan suratlaryñ aglabasy bürünç döwrüne degişli. Gaýalaryñ ýüzüne haýwam we aw sahnalary çyzylypdyr.

Özbegistanyň Syýahatçylyk we sport ministrligi bu taryhy gymmatlygy syýahatçylyga açmagy maksat edinýär. Sebitde syýahatçylyk infrastrukturasyny döretmek üçin býudjet aýryldy we tanyşdyrlyş çärelerine başlandy.

Maksat sebiti dünýäniñ iñ esasy arheologik syýahatçylyk merkezlerinden birine öwürmek.

 

Habarlar