ozbegistany-owadan-minarasy

Özbegistanyň owadan minarasy

Hywanyň nyşany bolan minara binagärçiligi bilen haýran galdyrýar.

05 Şubat 2022 07:06

Kalta Minor (Kelte minara) Özbegistanyñ günbatarynda ýerleşýän Hywa şäheriñ nyşany hökmünde bilinýär. Hywa, gadymy döwürde Harzemşahlar döwletiniñ paýtagtydy.

Dört gapysy bolan içerki galanyñ içindäki 67 sany gadymy binalar ÝUNESKO-nyñ Bütindünýä miras sanawynda orun alýar.

Kalta Minor, bu dört gapynyñ biri bolan Ata gapynyñ girelgesinde orun alýar we bu minara barasynda köp sanda rowaýat gürrüñ berilýär.

Bir rowaýata görä, hökümdar Muhammad Amin Han, 1852-nji ýylda garşydaş  şäher Buharada 47 metr beýiklikdäki Kalon minarasyndan  has beýik minara gurmak isledi.

Wezipelendirilen mimar, minaranyň esasy diametrini 14,5 metr, beýikligini bolsa 70 metre çenli meýilleşdirip işe başlaýar. Ýöne Buharanyñ emiri bir habar ugradyp mimary Buhara çagyrýar we ol ýerde has beýik minara gurmagyny talap edýär.  Muny habar alan hökümdar Muhammad Amin han gaty gaharlanýar we " kellesini alyñ" diýip buýruk berip mimaryñ öldürülmegine buýruk berýär. Mimardan bolsa zamanamyza bary-ýogy 26 metre çenli beýiklige çykmagy başaran dünýädäki iň gymmatly binagärlik eserlerinden biri miras galýar.

Habarlar