ozbek-edebi-atyny-tanymal-zenan-sahyry-zulfi-e

Özbek edebiýatynyň tanymal zenan şahyry: Zulfiýe

Zulfiýe, Özbek edebiýatynyñ iň esasy şahsyýetlerinden biridir.

03 Aralık 2021 20:50

1915-nji ýylda Daşkentde dünýä inen zenan şahyr XXI asryň iň ussat özbek şahyrlarynyň biri hökmünde ykrar edildi. Ilkinji goşgy ýygyndysyny 17 ýaşynda ýazan Zulfiýe, özbek aýal-gyzlary üçin söýginiñ we wepalylygyñ tymsalydyr.

Uruş ýyllarynda ýazan goşgulary bilen göreş we umyt ruhuny beýan eden meşhur zenan şahyr, 1935-nji ýylda ýazan goşgulary bilen Özbek halkynyň söýgüsini gazanan şahyr Hamid Alimjan bilen durmuş gurýar.

Özbegistanda iki şahyryň söýgüsi ölmez-ýitmez boldy. 1944-nji ýylyň 3-nji iýulynda awtoulag heläkçiliginde adamsy Hamid Alimjany ýitiren Zulfiýe Alimjan, soň  adamsyna bagyşlap ýazan goşgulary, ýazan dessan we opera librettoslary bilen dünýä edebiýatynda orun aldy.

Zulfiýe goşgularynda özbek zenanlarynyñ wepalylygyny, güýçli erkini we hoşniýetliligini wasp etdi. Onuñ goşgulary rus, iňlis, nemes, bolgar, hytaý, arap, pars we başga köp daşary ýurt dillere terjime edildi. Ol, Özbegistanda köp şahyrlar üçin ylham çeşmesi.

Zulfiýa, 1999-njy ýylda Özbegistan hökümeti tarapyndan ýurduň medeni ösüşine goşan goşandy üçin döwlet baýragyna mynasyp boldy. Ol 81 ýaşynda dünýeden ötdi.

Özbegistanda köp sanda gurama we muzeý Zulfiýe we Hamit Alimjanyñ adyny göterýär.

Habarlar