ozbek-halkyny-ba-corek-medeni-eti

Özbek halkynyñ baý çörek medeniýeti

Özbeklerde her sebitiñ özüne mahsus çöregiñ taýarlanyş usullary we görnüşleri bar.

15 Nisan 2022 12:07

Azyklyk ekinleriň içinde bugdaýa taý gelip biljegi ýok, sebäbi onuň dänesindäki ýaşaýyş üçin zerur bolan ýokumly maddalar adamyň iýmite bolan talabynyň 70 göterime çenlisini doly üpjün edip bilýär. Irki wagtlardan bäri çöregiň keramaty, gymmaty dogrusynda dürli däp-dessurlar döredilipdir.Çöregiň üstünden ätlemek, basmak, çöwre dolamak, çöregi pyçak bilen kesmek, iki çetinden döwüp almak, oklamak, zyňmak, syňragyň bilen tutmak, bir eliň bilen döwmek, saçakda düňderip goýmak, tamdyry, ojagy ýykmak uly we külli günä, biedeplik  hasaplanýar. Dänä, bugdaýa, duz-çörege, tamdyra, ojaga togap etmek halklaryñ iň bir mukaddes dessury.

Abadançylygyň we bolelinligiň, bagtyň we rowaçlygyň goşalanyp gitmeginiň nyşany hökmünde toýlara-da jübüt çörek alnyp gidilýär. Çörek – toý saçaklaryñ bezegi bolup durýar.

Özbek halkynyñ her bir ojagynda saçaklary bezeýän çöregiñ “ nawwaý”, “petir”, “gatlama”, “gyçdaly”, “şyrmaý”, “ aby”, “laçyra” görnüşi bilen soganly, etli, künjüli görnüşleri bar.

Özbek halky myhmanlaryny çörek bilen garşylaýar çörek bilen hoşlaşýar. Otagda ýeke özi ýatýan çaganyñ başujuna çörek goýýan Özbekler şunuñ bilen çaga ýamanyñ gelmejegine ynanýarlar.

Özbegistanda nikadan öň taraplaryň tutanýerliligini beýan etmek üçin “çörek döwmek” diýilýän ýörite däp bar. Bu däbe görä ýigidiň getiren çöregini döwmek we saçagyñ üstünde goýmak, gelniň toýa razy bolandygyny aňladýar. Özbekler üçin çöregiñ üstünde edilen kasamy bozmak erbet hasaplanýar.

Obalyk ýerde her hojalykda bir tamdyr bolýar. Her hojalykda bişirilen çöregiñ nagyşlary hem tapawutly bolýar. Zamanamyzda obalarda goñşularyñ birek-birege çörek paýlama däbi dowam edýär we çöregiñ haýsy hojalykdan gelendigi çöregiñ ýüzündäki nagyşlardan belli bolýar.

Samarkand çöregi

Samarkand welaýatynda bişirilýän çöregiñ şöhraty ýurduñ serhedini aşdy. Resepti we taýýarlanyşy atadan ogla geçýän "Samarkand çöregi" maşgalanyň erkekleri tarapyndan bişirilýär. Örän tagamly bolan bu çörekler, bir aýdan gowrak zaýalanman saklanyp bilýär. Özbekler beýleki sebitlerde taýýarlanan "Samarkand" çöreginiň Samarkantdaky ýaly tagamly we çydamly bolmadygyny aýdýarlar.

Bir rowaýata görä, şazadalaryň arasyndaky söweş sebäpli doglan ýeri Andižany terk edip, Hindistana göç edip bu topraklary basyp alan Babür Şah Samarkand çöregini gaty küýseýär we şonuň üçinem Samarkantdan çörek ussalaryny getirdýär.

Babur Şah, Samarkandyň iň meşhur çörek ussalary tarapyndan taýýarlanan Samarkand çöreginden kanagatlanmaýar we çörek taýýarlanylanda hamyra näme goşmandyklaryny olardan soraýar. Samarkandly ussa, “ Soltanym, buýrugyňyz boýunça Samarkantdan bu çörege goşulan ähli zatlary getirdik. Ýöne Samarkantyň howasyny we suwuny getirip bilmedik "- diýdi.

Habarlar