ozbek-halkyny-gelin-gorme-d-bi-asyrlar-bo-y-dowam-edip-gel-r

Özbek halkynyñ “gelin görme” däbi asyrlar boýy dowam edip gelýär

Özbegistanda Oraza we Gurban baýramynyñ däbi bolan “gelin görme” we “gelin salamy” asyrlar boýy dowam edip gelýär.

06 Mayıs 2022 21:33

Özbegistanda halk arasynda baýram günlerinde “ gelin görme” we gelin salamy” däbi nesilden nesle geçip gelýär.

Durmuş toýundan soñ ilkinji baýramyny belleýän ýaş juwanlaryñ öýlerine baýram günlerinde myhmanlar gelýär.

Baýramyñ öñi syrasynda baýram suprasyny taýarlamak üçin taýarlyklara başlaýan gelinler bereketli baýram saçagy bilen myhmanlaryny garşylaýar.

Maşgalanyñ täze gelini myhmanlary, başynyñ üstüne atan ak ýalygyñ iki ujundan tutup ýüzüni görkezjek görnüşde ýokaryk çekip  üç gezek  eğilip salamlaýar.

Myhmanlar salamlama dabarasyndan soñ geline “ýaşyñ uzyn bolsun”, “ hemişe bagtyýar boluñ”, “ Alla sizi öz penasynda saklasyn” ýaly arzuw-dogalar edip täze durmuş guran maşgala dürli sowgatlar edýärler.

Bereketli “ gelin saçagy” baýramyñ dowamynda myhmanlara açyk bolýar.

Gelin, mähelläniñ ene-mamalaryna öziniñ diken ýalyklaryny, çagalara bolsa süýjülikler sowgat edýär.

“ Bu urp-adatlar täze geliniñ ukyplaryny görkezýän bir synag”

Baýramyñ öñi syrasynda ogluny öýerip olar bilen bilen ýaşamaga başlaýan Gülnara we Aýbek Ýunusow maşgalasy, Oraza baýramynda gelin görmäge gelen myhmanlary garşylaýar. Mähelläniñ ýaşaýjylary Ýunusowyñ maşgalasyna myhmançylyga gelip täze gelin bilen tanyşýarlar hem-de geliniñ taýarlan tagam we datlylaryny dadyp görýärler.

Gülnara Ýunusowa, “ gelin görme” däbiniñ asyrlar boýy dowam edýändigini we durmuşa çykan täze jübitleriñ bu däbi dowam etdirýändiklerini belläp:” biz bu däbi ene-mamalarymyzdan öwrendik. Bizem gelinlerimize we gyzlarymyza öwredyäris”-diýdi.

Oraza we Gurban baýramlarynda edilýän bu däp-dessurlaryñ aslynda täze gelin üçin bir “synag” bolandygyny belläp geçen Ýunusowa: “ Bu däp aslynda maşgalanyñ täze gelniniñ myhmanlary kabul etme, nahar bişirme, saçagy bezemek ýaly hünärlerini synagdan geçirýär”-diýdi.

Habarlar