ozbek-halkyny-milli-basgaby-doppi

Özbek halkynyñ milli başgaby: Doppi

Özbek milli başgaby Doppi, milli medeniýetiñ aýrylmaz bölegidir.

25 Şubat 2022 20:08

Milli medeniýetiň bir bölegi hökmünde uly gyzyklanma bildirilýän Doppi başgaby häzirki zaman ýaşlar tarapyndan toýdur dabaralarda giňden ulanylýar.

Zenanlar, erkekler we çagalar üçin tapawutly doppi görnüşleri tikilýär. Bulardan başga-da Özbegistanda her şäher we welaýatyñ doppi başgabyñ nagyşy, matasy we reñki birbirinden tapawutlanýar.

Özbegistanda giñden ulanylýan doppiler Çust, Andižan, Daşkent, Samarkand, Buhara, Boýsun, we Şahrisabz doppilerdir.

Birbirinden üýtgeşik nagyşlar bilen bezelen doppida hattatlyk sungatyñ yzlaryny hem görip bolýar.

El güýjüni talap edýän telpekleri tikýän häzirki zaman ussalar ata-babalaryň hünärini üstünlikli dowam edýärler. Ýurduñ  dürli künjeginde ýörite doppi tikmek bilen meşgullanýan maşgalalar bar. Olara “doppidoz” diýilýär.

Kalpak atdy oýuny

Özbegistanda çagalaryñ arasynda doppi bilen oýnalýan “kalpak atdy” oýuny şugünki gün hem giñden oýnalýar.

Oýunuñ maksady ýere serilen guşaga aýak basyp doppini iñ uzak ýere atmak. Oýunda her oýunçy nobatynda doppini atar we iñ daşa atyp bilen çaga oýnuñ ýeñijisi bolar. Gazanan oýunçy ýeñilenlerden agajyñ töwereginde towusma, aýdym aýtma ýada şygyr okamagyny islär.

Habarlar