ozbek-metbugatynda-turk-ge-esini-viii-sammitinde-kabul-edilen-kararlar-taryhy

Özbek metbugatynda Türk Geñeşiniñ VIII sammitinde kabul edilen kararlar “Taryhy” hökmünde häsiýetlendirildi

Özbek žurnalistler 2020 TÜRKSOÝ metbugat baýragynyñ eýeleri Abdulwali Saýbnazarow we Şerafettin Tolaganow Türk Geñeşiniñ VIII sammitinde kabul edilen kararlar barasynda beyanat berdiler.

15 Kasım 2021 14:23

Özbek žurnalist Abdulwali Saýbnazarow,  2021-nji ýylyñ 12-nji noýabrynda Stambul şäherinde geçirilen Türk Geñeşiniñ VIII sammitinde kabul edilen kararlaryñ “ taryhy” kararlar bolandygyny nygtap  Türk Geñeşiniñ adynyñ “ Türki dilli döwletleriñ bileleşigi” diýip üýtgedilmeginiñ bilelieşige agza ýurtlaryñ arasyndaky integrasiýany çaltlaşdyrjakdygyny aýtdy.

Saýbnazarow: “Gurama "Türki dilli döwletleriñ bileleşigi' ady bilen has institusional gurluşa eýe boldy. Mundan beýläk guramanyň işi hil taýdan täze derejä ýeter. Döwletleriñ arasyndaky sazlaşyk we raýdaşlyk artar, guramanyň halkara derejede abraýy ýokarlanar "- diýdi.

Saýbnazarow,Türkmenistanyň türki dilli döwletleriň bileleşigine synçy döwlet hökmünde kabul edilmegi bilen bileleşigiñ Merkezi Aziýadan Kawkaza, ýakyn gündogardan ýewropa çenli uzanýan geografiýany gurşajakdygyny belläp bu ýagdaýyñ döwletlere ykdysady taýdan uly bähbitleriniñ boljakdygyny aýtdy.

Saýbnazarow, Türki dilli döwletleriñ bileleşigine agza ýurtlar arasyndaky söwda göwrüminiñ öñümizdäki ýyllarda 1 trillion dolara ýetip biljekdigini aýtdy.

Saýbnazarow, agza ýurtlarynyň arasyndaky söwda päsgelçilikleriniň aýrylmalydygyny we söwdanyň ýeňilleşdirilmelidigini belläp bu çäkde Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýýow tarapyndan teklip edilen Türki dilli döwletleriň arasynda söwda hyzmatdaşlygy boýunça  merkeziň döredilmeginiñ, ýurtlaryň arasyndaky söwda mukdarynyň mundan beýläk hasam ýokarlanmagyna goşant goşar diýdi.

Saýbnazarow: "Türk dilli döwletleriň arasyndaky raýdaşlygyň artmagy bilen Russiýanyň we Hytaýyň Merkezi Aziýadaky täsiri hem çäklendiriler. Bu,sebitdäki ýurtlaryň geosyýasy garaşsyzlygy üçin örän möhüm şert. Türkiýe, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň garaşsyzlygyna howp salanok eýsem dünýäde iň ösen  20 ýurduň arasynda orun alýan Türkiýe, ösen ykdysadyýeti, gurluşyk pudagy,syýahatçylyk, agyr we ýeňil senagat we ösen harby tehnologiýalary bilen sebitiň ösüşinde esasy rol oýnar"- diýdi.

Sammitde ara alnyp maslahatlaşylan Owganystan meselesi boýunça agza ýurtlaryñ umumy pozisiýasyna ünsi çeken Saýbnazarow, agza ýurtlaryň Owganystanyň halkyna ynsanperwer kömegini bermäge razylygynyň möhümdigini aýtdy. Saýbnazarow şeýle hem Owganystanyň halkara derejede izolirlenen halatynda bu ýurduň terrorçylaryň gaçybatalgasyna öwrülip biljekdigini nygtap bileleşige agza ýurtlaryň Owganystany sebitleýin hyzmatdaşlyga goşmak ugrundaky tagallalarynyň örän möhim karar bolandygyny aýtdy.

Öz nobatynda Şerafettin Tolaganow, sammitde “2040-njy ýyla çenli Türki dünýäsiniň Konsepsiýasynyñ”  kabul edilmeginiñ ähmiýetini nygtap: “ iññän möhim kararlaryñ kabul edilen Stambul şäherinde geçirilen sammit taryhy häsiýetdedir. Sammitde kabul edilen 204o-njy ýyla çenli Türk dünýäsiniñ konsepsiýasy bileleşik we agza ýurtlar üçin ýol kartasy bolar”-diýdi.

Tolaganow Türki dilli döwletleriñ  bileleşigiñiñ IX sammitiniñ Özbegistanda geçiriljekdigini habar berdi.

Türki dilli döwletler we halklar arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlygyñ ösmegini islemeýän ýurtlaryñ bolup biljekdigini nygtap geçen Tolaganow:” Türkiýe Respublikasynyñ prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyñ dünýäde eýe bolan ygtybaryna ser salsak bileleşigiñ öñünde haýsydyr bir päsgel durup bilmez we bileleşigiñ geljegi parlak bolar”-diýdi.

 

Habarlar