ozbek-sahyry-ali-sir-nowa-y-bakuwda-hormat-bilen-hatyralandy

Özbek şahyry Ali Şir Nowaýy Bakuwda hormat bilen hatyralandy

Azerbaýjanyñ paýtagty Bakuwda, Özbek şahyry we akyldary Ali Şir Nowaýyny hatyralama çäresi gurnaldy.

24 Mayıs 2022 14:06

Halkara Türk medeniýeti we miras gaznasy tarapyndan geçirilen hatyralama çärä, Azerbaýjan we Özbegistandan deputatlar, Özbegistanyñ Azerbaýjandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Bahram Aşrafhanow, mugallym we edebiýatçylar gatnaşdy.

Halkara Türk medeniýeti we miras gaznasynyñ başlygy Günaý Efendiýewa çärede eden çykyşynda Ali Şir Nowaýynyñ Özbegistan we Türki dünýäsi üçin eýe bolan gymmatyna ünsi çekdi.

Efendiýewa, Nowaýynyñ şaeseri diýip kabul edilýän “ Hamse” eseriniñ Türk diline terjime edilendigini, munuñ şahyryñ Türki dünýäsine bolan söýgi we hormatynyñ görkezijisi bolandygyny aýtdy.

Ali Şir Nowaýynyñ şygyrlarynyñ we Özbek halk aýdymlarynyñ ýerine ýetirilen çärede, Halkara Türk medeniýeti we miras Gaznasy tarapyndan çap edilen “ Ali Şir Nowaýynyñ Eserleri” atly kitabyñ tanadylyş dabarasy geçirildi.

Habarlar